Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko BMG-ni Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny bes etmäge çagyrdy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko beýleki döwletleri Russiýanyň öz ýurdundaky agressiýasyny togtatmak üçin kömek etmäge çagyryp, şeýle “ekspansionizme” garşy göreşmek Birleşen Milletler Guramasynyň missiýasy diýdi.

Poroşenko 26-njy sentýabrda BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynyň aglaba böleginde Russiýany tankyt etdi. Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edipdi we şondan bäri gündogar Ukrainadaky uruşda separatistleri goldaýar. Şol uruşda 10 müň 330-dan gowrak adam öldi.

Ukrain prezidenti Moskwanyň liderlerine garşy durmak üçin dünýä halklary bir ýere jemlenmese, onda Russiýanyň, onuň sözlerine görä, “agressiw ekspansionistik syýasatlaryny” hiç zat duruzyp bilmez diýdi.

Russiýa Poroşenkonyň eden çykyşyna häzirlikçe dessine jogap bermedi. Kreml gündogar Ukrainadaky konflikte gönüden-göni gatnaşygynyň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG