Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly ýük ulag sürüjileri parahorlugyň özlerini bergä batyrandygyny aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty

Daşary ýurtlara ýüke gatnaýan käbir sürüjileriň Türkmenistanyň gümrüginden çykanyňda we gireniňde berilmeli paralardan başlap, ýolda-yzda we ýaşaýan ýeriňdäki organ işgärlerine berýän para-peşgeşleri sebäpli bergä batyp, çykgynsyz ýagdaýa düşendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosyna öz iş hem durmuş şertlerini gürrüň beren Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň Gurçuly obasynda ýaşaýan G.T. atly ýük ulagy sürüjisi, mejbur edilýän para-peşgeşleri sebäpli henizem bergilerini üzüp bilmeýändiginden nalaýar.

Ol, ýurtda ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen indi halkara ýüke gatnaýan ulaglaryň sürüjilerinden soralýan paralaryň mukdarynyň hem ýokarlanandygyny öňe sürýär.

Onuň aýtmagyna görä, dokumentleriň düzüw we arassa işleýän hem bolsaň, hökman para bermeli. Bolmasa ýurtda işlemek mümkin däl. Daşary ýurda adaty ýükleri äkitmegiň bahasy 2500-3000 amerikan dollary töwereginde. Meselem, pagta ýüplügi ýaly gymmatbahaly ýükleriň bir tarapynyň bahasy bolsa 3500-4000 dollara baryp ýetýär. Sürüjiler munuň 600 dollaryny Türkmenistanda gümrükden girip-çykanyňda para hökmünde bermeli.

“Türkmenistanyň gümrüginden çykjak mahalyň barlag nokadyna baranyňda ol ýerde oturan ýönekeý geýimli resmi seniň bilen gürleşip otyrka, stola üç barmagyny urup 300 amerikan dollary para bermelidigiňi ýatladýar. Şony bermeseň seni gümrükden geçirmeýärler. Üstesine, “Seniň başyňa näme gelip biljeginden habaryň barmy?” diýip, howpsuzlyk gullugynyň işgäri hem haýbat atýar. Soralýan parany bermeseň saňa toslama nähili günä ýöňkeljegi belli däl. Şonuň üçin hem diňe bir gümrükde däl, eýsem halkara ýüke gatnaýanlar Türkmenistanyň ähli ýerinde para bermäge mejbur edilýärler. Haýsy ýurda gidýän bolsaň ýoluň puluny, iýjek-içjegiňi, ýangyjyňy özüň çekmeli, ýagny ýüki iberýän seniň ýol tölegiňi bermeýär. Bulardan daşaryn tehniki gözegçilik, ulagyň tigirleri we ätiýaçlyk şaýlar üçin hem ummasyz çykdaýjy etmeli bolýarsyň” diýip, sürüji sözlerine şeýle dowam edýär:

“Bir ýyl owal öz ýük ulagymy ipoteka edip bankdan kredit aldym. Para-peşgeş we ulagyň çykdaýjylary sebäpli ony henizem üzmek başartmaýar. Kreditiň tölegi gijä galan mahaly derrew organ işgärleri haýbat atyp başlaýarlar we kämahal prokuratura hem baryp gaýtmaly edýärler. Garaz arkaýyn işläp ýaşar ýaly etmediler. Barha köpelýän bergi ýüki sebäpli maşgalamy ekläp bilmedim we aýalym bilen çagalarymy Türkiýä işlemäge iberdim. Astrahanda okaýan student gyzym hem wagtlaýynça okuwyny togtadyp, bir salym Stambula işlemäge gaýtmaly boldy. Häzir oglum bilen ikimiz aýraçylygamy, pulsuzlygamy ýa-da ýurtda arkaýyn işläp hem ýaşap bolmaýandygynamy nämä gynanjagymyzy bilmän çykgynsyz ýagdaýda galdyk” diýip, Türkiýä ýüke gatnaýan sürüji Azatlyk Radiosyna öz başyndan geçirenlerini gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bilen bu temada gürrüňdeş bolan yzygiderli ýagdaýda Aşgabada ýüke gatnaýan türk sürüjilerinden Murat hem, Türkmenistanda diňe ýerli ýük ulagy sürüjileriniň däl, eýsem daşary ýurtlylaryň-da duş gelýän problemalaryň başyny parahorlugyň çekýändigini nygtady. Ol hem Türkmenistanda gümrükde başlaýan parahorlugyň ýol polisiýasy bilen bilelikde, ähli edarada dowam edip gidýändigini aýdýar.

Ýatlasak, Türkmenistan şu aýyň başynda türkmen-eýran we türkmen-özbek serhetlerinde Täjigistana tranzit barýan onlarça ýük ulagyny gümrükde saklap goýbermändi. 2-nji sentýabrda Täjigistanyň ýük ulaglarynyň sürüjileri özleriniň bir hepdeden köp wagt bäri türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän durandygyny habar berdiler.

Täjigistanyň Transport ministrligindäki çeşmäniň 11-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna (Radio Ozodi) aýtmagyna görä, Türkmenistanyň serhedinde, şeýle-de Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň awtoulaglarynyň garaşyp durandygy habar berlipdir.

Sözi jemlesek, ýük ulagy sürüjileriniň problemalary barada Türkmenistanda hökümetiň gözegçiligindäki metbugat hiç hili söz açmaýar we şol bir wagtyň özünde, degişli resmilerden maglumat almak ýa-da olaryň garaýşyny öwrenmek hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG