Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: ABŞ Hytaýyň we Russiýanyň çagyryşlaryna garşy çykyş etdi


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýygnagynda Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýa garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagy barada Hytaý bilen Russiýanyň eden çagyryşlaryndan soň, olara berk garşylyk görkezdi.

27-nji sentýabrda geçirilen ýygnakda Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklardaky soňky “oňyn özgerişikler”, şeýle-de ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky has ýakyn gatnaşyklar – bu Geňeşiň geçen ýyl güýje girizen berk sanskiýalarynyň käbiriniň gowşadylmagyna getirmeli diýdi. Bu sanksiýalar Phenýanyň ýadro ýaraglary programmasy boýunça gepleşikleri geçirmäge basyş etmek maksady bilen girizilipdi.

Russiýa Hytaýyň sanksiýalary gaýtadan gözden geçirmek barada eden çagyryşyny goldady. Rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow olaryň “kollektiwleýin jeza beriş” çäresine öwrülmeli däldigini aýdyp, Pehnýany geçirimlilik etmäge höweslendirmek üçin oňyn signal, habar ibermegiň wagty gelendigini belledi.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) sanksiýalary gowşatmak baradaky çagyryşlara garşylyk görkezip, Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro ýaraglaryndan dänmek boýunça anyk ädimleri ädýänçä, sanksiýalar öz güýjünde saklanar diýdi.

XS
SM
MD
LG