Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ prokurorlary Nýu-Ýorkda adam öldüren özbek immigrantyna ölüm jezasyny soraýarlar 


Saýfullo Saipow

ABŞ prokurorlary geçen ýyl Nýu-Ýorkdaky welosiped ýodasynda alty adamyň üstünden ýük maşynyny sürmekde aýyplanýan özbek immigrantynyň sudunda oňa ölüm jezasynyň berilmegini sorajakdyklaryyny aýdýarlar.

30 ýaşyndaky Saýfullo Saipowyň işi boýunça ölüm jezasynyň berilmegini talap edýän dokumentler suda 28-nji sentýabrda geldi. Ol bir zaman Bütindünýä Söwda merkeziniň goşa binasynyň duran ýeriniň golaýynda, Manhattandaky mähelleli welosiped ýodasynda kireýine alnan ýük maşyny adamlaryň üstünden sürmekde aýyplandy.

2017-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda amala aşyrylan hüjüm 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda “Al-Kadaçylar” tarapyndan alnyp gaçylan uçarlar goşa binany ýykan wagtyndan bäri Nýu-Ýorkda guralan iň ganly hüjüm boldy.

Saipowyň aklawçylary biraz öňki sud diňlenişiklerinde, eger prokurorlar ölüm jezasyny talap etmeseler, aýyplanýanyň öz günäsini boýun aljakdygyny aýtdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu hüjümden soňky günlerde ony amala aşyran adama ölüm jezasynyň berilmegini gaýta-gaýta öňe sürdi.

Saipowyň aklawçysy Deýwid Patton 28-nji sentýabrda prokuroryň kararyna jogap berip, “Biziň pikirimizçe, günäni boýun almak we boşadylmak mümkinçiligi bolmadyk ömürlik tussaglyk deregine ölüm jezasynyň berilmegini talap etmek diňebu wakalara gatnaşygy bolan adamlaryň trawmalaryny uzaldar” diýdi.

Prokurorlar ölüm jezasynyň berilmegini soramak kararyna gelmekleriniň sebäbini düşündirip, pidalaryň “nejislik, gazap we azgynçylyk häsiýetinde” öldürilendigini, Saipowyň öz eden jenaýatyna ökünýändigini görkezmändigini, onsoň ol geljekde azatlyga goýberilse, ýene şeýle zorlukly hereketlere baş urup biler diýip pikir edendiklerini aýtdylar.

Saipow bu hüjümden gysga wagt soň žurnalistlere özüniň “Yslam döwleti” toparynyň wideolaryndan we edebiýatlaryndan ruhlanandygyny aýtdy we bu ekstremist topar biraz soň ony özleriniň “halyfat” diýýänleriniň “esgeri” hökmünde häsiýetlendirdi.

Prokurorlar Saipowyň tussag edilen wagty tüpeňlenende alan ok ýaralarynyň bejerilýän wagtynda öz eden işinden şeýle hoşal ýaly bolup görnendigini we öz hassahana otagyndan YD-nyň baýdagynyň asylyp goýulmagyny talap edendigini aýtdylar.

Öldürilen bäş adam ýokary okuw jaýyny tamamlamaklarynyň 30 ýyllygyny bellemek üçin Nýu-Ýorka Argentinadan uçup gelen dostlardy. 12 adam bolsa ýaralandy. Bu hüjüm diňe polisiýa Saipowy kowalap, garnyndan atyp ýaralandan soň togtadyldy.

Saipow terrorizm we adam öldürmek aýyplamalary bilen 2019-njy ýylyň oktýabrynda suduň öňüne getirilmeli.

Üç çaganyň kakasy bolan Saipow bir zaman ýük maşynynyň we Uberiň professional sürüjisidi we bildirilýän aýyplarda özüni günäli hasaplamady.

Saipow Birleşen Ştatlara kanuny esasda, 2010-njy ýylda Özbegistandan göçüp geldi. Maşgalasy Azatlygyň Özbek gullugyna onuň Birleşen Ştatalara göçüp baranyndan soň radikallaşdyrylana meňzeýändigini aýtdy.

Prokurorlar onuň bu hüjüme bir ýyllap taýýarlanandygyny we ony Hallowin gününde amala aşyrmagy planlaşdyrandygyny, sebäbi şol gün daşarda has köp adam bolar we bu ýagdaý özüne has köp adam öldürmäge mümkinçilik berer diýip ynanandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG