Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýada ýer yranmasy we suw joşguny netijesinde ölenleriň sany 832-ä ýetdi

Ýykylan binanyň öňünde duran ýaşaýjylar. Palu, Sulawesi adasy
Ýykylan binanyň öňünde duran ýaşaýjylar. Palu, Sulawesi adasy

Indoneziýaly resmiler ýer yranmasy we soňundan bolan suw joşmasy, tsnunami netijesinde Sulawesi adasynda ölenleriň sanynyň 832-ä baryp ýetendigini, bu görkezijiniň ýokarlanmagyny dowam etmeginiň ahmaldygyny, sebäbi ýykgynçylygyň uly bolandygyny aýdýarlar.

Betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça milli agentligiň sözçüsi Sutopo Purwo Nugroho 30-njy sentýabrda adanyň zyýan çeken ýerleriniň köpüsine barmak mümkinçiliginiň entek "örän çäkli bolmagynda galýandygyny" aýtdy.

“Ölenleriň sany ýokarlanjaga meňzeýär” diýip, ol metbugat ýygnagynda žurnalistlere aýtdy.

Bu adada 28-nji sentýabrda, edil Palu şäheriniň kenaryna golaý ýerde 7.5 magnitýudly ýer yranmasy boldy.

Ýer yranandan soň suw joşdy we belentligi 6 metre çenli baryp ýeten tsunami tolkunlary 350 müň çemesi ilatly şähere gelip urdy.

XS
SM
MD
LG