Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Makedoniýalylar at çalyşmak ylalaşygy boýunça geçirilýän referendumda ses berýärler


Premýer-ministr Zoran Zaýew ses berýär.

Makedoniýalylar goňşulary Gresiýa bilen gelnen at çalyşmak ylalaşygyny kabul etmek meselesini çözmek üçin referendumda ses berýärler, bu çäre Balkan döwletiniň Ýewropa Bileleşigine we NATO girmegine ýol arçamaly.

Ses beriş nokatlary 30-njy sentýabr güni irden 7-de açyldy we agşam 7-de hem ýapylar. Ilkinji netijeleriň şondan iki ýa üç sagat soň belli bolmagyna garaşylýar.

Saýlawçylardan "Sen Makedoniýa respublikasy bilen Gresiýa respublikasynyň arasynda gelnen ylalaşygy kabul edip, NATO we ÝB agzalgyna gol ýapýarmyň?” diýen sorag soralýar.

Jemgyýetçilik pikir soramalary täze sosialist hökümetiň şu ýyl Gresiýa bilen ýurduň adyny Demirgazyk Makedoniýa respublikasy diýip üýtgetmek barada gelen ylalaşygyny goldaýnlaryň 70 prosent çemesidigini görkezdi.

"Men her bir adamy saýlawa gatnaşmaga we öz ýurdumyzyň geljegi, geljekki nesiller üçin bu çynlakaý karara gelmäge çagyrýaryn” diýip, premýer-ministr Zoran Zaýew öz dogduk şäheri Strumisada ses bereninden soň aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG