Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada pensiýa reformasyna garşy protestler geçdi


Russiýalylar pensiýa reformasyna garşy protest geçirýärler.

Russiýanyň ençeme şäherinde hökümetiň pensiýa çykmak ýaşyny bäş ýyla çenli artdyrmak planlaryna garşy kiçi protestler geçirildi.

Maglumata görä, Uralyň Orenburg şäherinde rugsat berlen demonstrasiýa 300 töweregi adam gelipdir. Mundan birnäçe gün öň, rus parlamentiniň aşaky öýi erkekleriň hormatly dynç alyşa çykmak ýaşyny 65-e, aýallaryňkyny hem 60-a çenli ýokarlandyrmak planlaryny kabul edipdi.

Protestler Rostow-na-Donu, Omsk we Wotkinsk şäherlerinde hem geçirildi.

Pensiýa ýaşyny artdyrmak planlary ilatda nägilelik döredip, munuň netijesinde prezident Wladimir Putiniň hem meşhurlyk görkeziji pese gaçdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG