Siriýadaky graždançylyk urşunda soňky üç ýylyň dowamda rus harbylarynyň şahsy düzüminden 112 gullukçy öldi diýip, rus parlamentiniň Goranmak komitetiniň ýokary derejeli bir wekili aýtdy.
Russiýanyň howa-kosmos gullugynyň ozalky başlygy, şeýle-de federasiýa geňeşiniň goranmak we howpsuzlyk komitetiniň ýolbaşçysy Wiktor Bondarýowyň maglumatyna görä, ölenleriň ýarpysyndan gowragy iki hadysada ýogalypdyrlar. Ýagny, geçen aýda Il-25 harby gözegçilik uçarynyň urulmagy netijesinde 15 gullukçy, ýylyň başynda An-26 ýük uçarynyň gaçmagy netijesinde hem 39 gullukçy heläk bolupdyr.
Şol bir wagtda, Bondarýow bu görkezijini Owganystanda 1980-nji ýyllardaky uruşda öldürilen müňlerçe rus esgerleri bilen deňeşdirdi.