Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkda Türkmenistandaky mejbury zähmete garşy protest geçirildi


Aktiwistler Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyryp protest geçirdiler. Nýu-Ýork, ABŞ. 1-nji oktýabr, 2018 ý.
Aktiwistler Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyryp protest geçirdiler. Nýu-Ýork, ABŞ. 1-nji oktýabr, 2018 ý.

Sişenbe güni hukuk toparlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka edýän saparyna gabatlap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyryp protest çäresini geçirdiler.

Agzalýan protest çäresini pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň, şeýle-de çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy iş alyp barýan “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa we onuň düzümine girýän toparlar geçirdiler.

Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň çäklerinde 29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Nýu-Ýorka sapar etdi.

Halkara toparlaryň bu çäre bilen bagly ýaýradan bildirişinde Türkmenistanyň pagta senagatynda sistematiki mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy çykyş etmäge çagyryş edildi.

Onda pagta möwsüminde türkmen hökümetiniň býujet işgärlerini, mugallymlary, doktorlary we şepagat uýalaryny mejbury zähmete çekýändigi nygtalýar, hem-de çagalaryň Türkmenistanyň pagta önümçiligine mejbury gatnaşdyrylýandygyna ünsi çekildi.

XS
SM
MD
LG