Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ilkinji gezek 'ýigrenç' jenaýatyny edenleri türmä basmazlygy teklip edýär


Wladimir Putin käbir işlerde ýigrenji öjükdirmek üçin berilýän jezany gowşatmagy teklip etdi.
Wladimir Putin käbir işlerde ýigrenji öjükdirmek üçin berilýän jezany gowşatmagy teklip etdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin käbir işlerde ýigrenji öjükdirmek üçin berilýän jezany gowşatmagy teklip etdi. Bu internetde adamlara käbir makalalara “like” goýany ýa-da olary gaýtadan çap edeni üçin türme möhletleriniň berilmegi bilen bagly bildirilen aladalaryň yz ýanyna gabat geldi.

Putiniň 3-nji oktýabrda parlamente tabşyran düzedişine laýyklykda, etniki, dini we başga görnüşdäki ýigrenji öjükdirmekde we jemgyýetçilik tertibini bozmakda, şol sanda mediada we internetde ilkinji gezek düzgün bozmakda günäli tapylan adamlara türme tussaglygyny bermek düzgüni aýrylar.

Düzgüni ilkinji gezek bozanlara, türme tussaglygyna derek, adminstratiw temmiler berler, ýagny jerime salnar, jemagat hyzmaty ýa gysga möhletli tussaglyk berler.

Eger adam şu hili jenaýaty temmi berlenden soň bir ýyl içinde ikinji gezek etse, ol jenaýat jogapkärçiligine çekiler we iki ýyldan bäş ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolar.

XS
SM
MD
LG