Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda janyndan geçen bombaçy saýlaw ýygnanyşygynda özüni ýaryp, 13 adamy öldürdi


Bomba hüjüminde ýaralanan adam,Jalalabad, 2-nji oktýabr, 2018 ý.

Resmiler gündogar Owganystanda saýlaw kampaniýasyny nyşana alan kast ediş hüjüminde azyndan 13 adamyň öldürilendigini, onlarça adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Nangarhar welaýatynyň Saglyk departamentiniň başlygy Najibullah Kamawal Azatlyk radiosynyň Owgan gullugy bilen söhbetdeşlikde 2-nji oktýabrdaky hüjümde 13 adamyň ölendigini, azyndan 40 adamyň ýaraly bolandygyny tassyk etdi.

“Yslam döwleti” ekstremist topary özüniň “Amak” habar gullugy arkaly bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Bu welaýatda “Talyban” jeňçileri-de, YD-nyň owgan toparynyň nökerleri-de aktiw görünýär.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Attaullah Khoýani janyndan geçen bombaçynyň Kama etrabyndan parlamente hödürlenen Nasir Momandyň ýygnanyşygyny nyşana alandygyny aýdy.

Momand 20-nji oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlarynda garaşsyz kandidat hökmünde bäsleşmekçi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG