Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda we Aşgabatda bergisini üzlüşmedik ýaşaýjylaryň togy, gazy kesilýär


Elektrik ölçeýji guraly. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň käbir künjeklerinde elektrik energiýasynyň we gazyň töleglerini geçirmedik hojalyklaryň tokdan we gazdan mahrum ediljekdigi duýdurylýar. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary soňky ýagdaýlar barada maglumat berýär.

“Lebap welaýatynda häkimiýetler hojalyklaryň elektrik toguny we gaz ölçeýji gurallaryny ýene-de barlap başladylar” diýip, Azatlygyň ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabyna sapar eden habarçysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler elektrik energiýasy we gaz üçin hojalyklaryň ozalky töleglerini wagtynda geçirmeklerini talap edýärler.

Ol geçen ýyl ýeňillikleriň ilkinji gezek ep-esli kemeldilmegi bilen, hojalyklaryň tok we gaz tölegleriniň üýşüp başlandygyny habar berdi.

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen iň soňky Ýaşulylar Maslahatynda toguň, suwuň, gazyň we beýleki mugt serişdeleriň ýeňillikli üpjünçiligi belli bir derejede ýatyryldy.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda birnäçe ilatly nokada aýlanan ýerli habarçy, ençeme ýaşaýjynyň sözlerine salgylanyp ýerlerde elektrik togunyň we gazyň üpjünçiliginiň kadaly däldigini belledi.

“Gaz ölçeýji gurallaryň bahasy ozallar 10-15 manada duran bolsa, olaryň bahasy häzir 30 manada çykdy. Käbir hojalyklaryň toga gaza tölemeli bergisi 1 müň manatdan hem aşypdyr” diýip, habarçy belledi.

Ol degişli bergiler tölenilmedik ýagdaýynda häkimiýetleriň hojalyklara çekilen simleri we gaz trubalaryny kesmek haýbatyny atandygyny aýtdy.

Edil şuňa meňzeş ýagdaýlara paýtagt Aşgabatda-da duş gelse bolýar.

Azatlygyň aşgabatly habarçysy, “Aşenergonyň” işgärleriniň elektrik energiýasyna degişli tölegler bilen bagly hojalyklara aýlanýandygyny habar berýär.

Onuň sözlerine görä, 2-nji oktýabr güni paýtagtyň elektrik üpjünçilik edarasynyň işgärleri 11-nji etrapçada ýaşaýan bir aýalyň öýüne çekilen elektrik simini öňünden duýduryş bermezden kesýär.

“Oňa 2015-nji ýyldan galan bergisiniň bardygyny aýdypdyrlar. Ol aýal tölegleri yzygiderli wagtly-wagtynda geçirýär. Bu wakanyň öňýany ol 2018-nji ýylyň sentýabr aýyna degişli tölegleri hem tölän ekeni” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, elektrik energiýasyndan mahrum edilen zenan özüniň degişli tölegleri geçirendigini tassyklaýan töleg resminamalaryny barlagçylara görkezýär; ýöne, häkimiýetler şonda-da onuň öýüniň elektrik üpjünçiligini täzeden ýola goýmaýarlar.

Geçen ýyl ýatyrylan Ýaşulular Maslahatynyň deregine täzeden güýji dikeldilen Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen ilkinji mejlisinde ýurt baştutany “ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulaşandygyny” aýdyp, elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň we nahar duzunyň mugt üpjünçiligini doly ýatyrdy.

Ýeňillikleriň ýatyrylmagy 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

Türkmenistanda soňky iki ýylyň dowamynda hojalyklarda güýçli depginde gaz, tok we suw ölçeýji gurallary ornaşdyrmak çärelerine girişildi.

Ýurduň ilkinji prezidenti 2030-njy ýyla çenli ilatyň degişli ýeňillikler bilen üpjün ediljekdigini wada beren-de bolsa, ol aradan çykandan soň 2007-nji ýylda prezidentlige saýlanan Berdimuhamedow mugtçylygy ýatyrdy.

Ol bu teklibini ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulaşandygyny aýdyp düşündirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG