Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German polisiýasy bolgar žurnalistini öldürmekde güman edilýän erkegi tutdy


Bolgariýanyň baş prokurory Sotir Tsatsarow (sagda) metbugat ýygnagynda gürleýär. Sofia, 10-njy oktýabr, 2018.

Germaniýanyň polisiýasy bir erkegi bolgar telewizion žurnalisti Wiktoriýa Marionowany zorlamakda we öldürmekde güman edilýän adam bilen ilteşiklilikde tussag etdi diýip, bolgar resmileri aýtdylar.

Içeri işler ministri Mladen Marinow 10-njy oktýabrda baş prokuroryň we premýer-ministriň gatnaşmagynda geçirilen brifinňde çykyş edip,ol adamyň bir gün ozal giçlik, bolgar häkimiýetleriniň talaby esasynda tussag edilendigini aýtdy.

"Ol ýerde adam öldürilmegi bilen fiziki baglanyşyk bar” diýip, Marinow aýtdy we derňewçileriň Marinowanyň eşiklerinde we bedeninde DNA subutnamalaryny tapandyklaryny sözüne goşdy.

Ministr derňewçileriň Marinowanyň maşgalasy we dostlary bilen gepleşendiklerini hem-de bu ýerde Marinowanyň žurnalist hökmündäki işi bilen “görnüp duran baglanyşygyň” bolmandygyny belledi.

Onuň jesedi 6-njy oktýabrda Bolgariýanyň demirgazyk şäheri Rusäniň parkyndan tapyldy.

Wiktoria Marinowa
Wiktoria Marinowa

Polisiýa 30 ýaşyndaky žurnalistiň gazaply ýenjilendigini, zorlanandygyny we boglandygyny aýtdy.

"Häzirki pursatda biz bu ganhorlugyň Marinowanyň işi bilen baglanyşyklydygyna ynanmaýarys” diýip, Bolgariýanyň baş prokurory Sotir Tsatsarow aýtdy.

Bolgar resmileri güman edilýän adamyňSewerin Krasimirowdygyny,Rusede ýaşaýan bolgar raýatydygyny anykladylar, emma onuň Germaniýanyň niresinde tussag edilendigini anyklaşdyrmadylar.

Marinow güman edilýäniň demir ogurlamak bilen baglylykda jenaýatçylykly geçmişiniň bardygyny aýtdy.

Bolgar häkimiýetleri bu adamyň garşysyna jenaýat işini açdylar we onuň Germaniýadan getirilmegine garaşýarlar diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi.

Bolgar mediasy biraz öň bu adamyň 20 bilen 30 ýaşyň arasyndadygyny, Germaniýada tussag edilendigini habar berdi. Metbugat maglumatlaryna görä, bu adam Bolgariýadan 7-nji oktýabrda, Germaniýada ýaşaýan ejesiniň ýanyna gidipdir.

Marinowanyň derňew programmasyny alyp baran TVN telewizion stansiýasy güman edilýäniň öldürilen žurnalisti tanamandygyny aýtdy.

Beýleki bir bolgar telewizion kanaly, bTV bolsa polisiýanyň güman edilýäniň Ruse şäherindäki kwartirasyndan žurnalistiň mobil telefonyny tapandygyny habar berdi.

9-njy oktýabrda bu iş bilen baglylykda tussag edilen rumyn erkegi, subutnama bolmansoň, azatlyga goýberildi.

Hususy eýeçilikdäki TVN telewizion stansiýasynyň ýolbaşçylar toparynyň agzasy bolup işlän Marinowa geçen aý iki žurnalistiň gatnaşmagynda geçirilen derňewlere bagyşlanan programmany alyp bardy. Ol programmada, Ýewropa Bileleşiginiň serişdeleri bilen baglylykda, bolgariýaly syýsatçylaryň we biznesmenleriň güman edilýän galplyklarybarada gürrüň berilýärdi.

Ol iki žurnalist sentýabrda, bu iş bilen bagly derňew geçirýän wagtlarynda, az wagtlyk tussag edildi.

Marinowanyň ölümi Bolgariýany sarsdyrdy we halkara tankydyna sebäp boldy, ýewropa hökümetleriniň ýolbaşçylary onuň ölüminiň hemmetaraplaýyn derňelmegini talap etdiler.

Marinowa Ýewropa Bileleşiginde soňky 12 aýda zorlukly ölümiň pidasy bolan üçünji žirnalist bolup durýar, ondan öň Slowakiýada, fewralda Jan Kuciak, geçen ýylyň oktýabrynda Maltada Daphne Caruana Galizia öldürildi.

Olaryň ikisi-de, Kuciak hem, Caruana Galizia hem korrupsiýanyň üstüni açmak bilen tanalypdy.

Bolgariýa ÝB-ä 2007-nji ýylda Rumuniýa bilen bilelikde goşuldy, emma olaryň ikisi-de korrupsiýa we kanunçylyk reformalary bilen baglylykda ÝB-niň gözegçiligi astynda saklanýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG