Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bomba planynda güman edilýän eýranly diplomat Belgiýa ekstradisiýa edildi


Assadollah Assadi Bawariýa ştatynda tussag edildi. 

Fransiýada bosgunlykda ýaşaýan eýranlylaryň garşysyna hüjüm gurnamagyň arkasynda bolmakda güman edilýän eýranly diplomat Germaniýadan Belgiýa ekstradisiýa edildi diýip, howpsuzlyk resmileri aýtdy.

Ozal AFP tarapyndan Assadollah Assadi diýip tanadylan we Awstriýada ýerleşen 46 ýaşly žurnalist iýulda, Germaniýanyň günortasyndaky Bawariýa ştatynda tussag edildi.

Ol Belgiýa 9-njy oktýabrda, german sudy geçen hepde ekstradisiýa talabyny tassyklandan soň ekstradisiýa edildi diýip, polisiýa we prokuratura resmileri aýtdylar.

Assadi bu iş boýunça belgiýa sudunyň öňüne 10-njy oktýabrda çykarylar diýip, Brýusseldäki Federal prokuratura edarasy AFP habar gullugyna aýtdy.

Assadi Belgiýada ýaşaýan jübüde partlaýjy enjam geçirmekde güman edilýär, olar ony 30-njy iýunda, Parižiň eteginde eýranlylaryň eýran hökümetine garşy geçirjek ýygnanyşygynda ulanmakçy bolupdyrlar.

Belgiýanyň ýörite gulluklary bu jübüdi Belgiýada, diýilýän hüjümi amala aşyrmazlaryndan öň tussag etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG