Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahat etrapçasynyň ýaşaýjylary 20 sagada golaý suwsuz galdy


Aşgabadyň "10 ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrundaky Parahat etrapçasynda kommunal edaranyň işgärleri suw turbalaryny bejerýär. 10-njy oktýabr, 2018 ý.
Aşgabadyň "10 ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrundaky Parahat etrapçasynda kommunal edaranyň işgärleri suw turbalaryny bejerýär. 10-njy oktýabr, 2018 ý.

Düýn giçlik, has takygy 9-njy oktýabrda Aşgabat şäheriniň Parahat-2 we Parahat-3 etrapçalarynda suw kesilip, bu etrapçalaryň aglaba böleginde şu gün öýläne çenli suw berilmedi.

“Parahat-2/2 we Parahat-2/3 etrapçalarynda hem suw öten agşam Parahat-2/1 etrapçasynda kesilen wagty kesilipdir. Ýöne Parahat-2/3 etrapçasyna suw şu gün sagat 12 bolup barýarka berlipdir. Onuň yz ýanyndan, sagat 1-e 15 minut galanda hem Parahat-2/2 etrapçasyna suw berlipdir. Şondan soň Parahat-2/1-e hem suw berlipdir. Bizde 19 sagat suw bolmady. Parahat-2/2-de 18 sagat, Parahat-2/3-de 17 ýarym sagat suw bolmady” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew suwuň bir sagat çemesi wagt gaty bulanyk akandygyny hem belledi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky beýleki bir habarçysy hem bu maglumaty tassyklap, muňa “10 ýyl abadançylyk” köçesindäki esasy turbanyň ýarylmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Aşgabadyň "10 ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrundaky Parahat etrapçasynda kommunal edaranyň işgärleri suw turbalaryny bejerýär. 9-njy oktýabr, 2018 ý.
Aşgabadyň "10 ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrundaky Parahat etrapçasynda kommunal edaranyň işgärleri suw turbalaryny bejerýär. 9-njy oktýabr, 2018 ý.

“Düýn giçlikden tä şu gün irdene çenli kommunal gullugynyň işgärleri näsazlygy düzeltmäge synanyşdylar. Bu ýerdäki turbalar sowet döwründäki däl-de, täze enjamlardy. Bu turbalary we enjamlary sanlyja ýyl ozal täzeläpdiler we şol sebäpli ençeme aý köçeler ýapylypdy. Şonda adamlar suwuň gaýta-gaýta kesilmegi bilen baglanyşykly problemanyň tamamlanandygyny umyt edipdiler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz belledi.

Munuň üstesine-de, ol düýn agşam Parahat-3 etrapçasynda elektrik togunyň hem kesilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Galyberse-de, suwuň kesiljekdigi ýa-da kesilmeginiň sebäpleri barada resmiler tarapyndan ne öňünden, ne-de soňundan bildiriş ýa-da duýduryş edildi. Bu bolsa, jemi üç müň çemesi maşgalanyň ýaşaýandygy aýdylýan etrapçalarda irden işe ýa-da okuwa gidýän ýaşaýjylara we çagalara oňaýsyzlyklary döretdi.

“Köp maşgalalar özüniň ýa-da goňşusynyň awtoulagy bilen 20 litrlik plastik suw gaplarynda beýleki suw akýan mikroraýonlardan gidip suw alyp gelýärler. Bu ýerde-de köçäniň ugrunda akyp duran krant ýok. Ýa tanşynyň öýüne barmaly, ýa-da Alla çagyryp, kimdir biriniň gapysyny kakyp, “Men Parahat-2/1-iň ýaşaýjysy iki sany 20 litrlik gabym bar, gaýrat ediň” diýýärler. Adamlar biri-biriniň ýagdaýyna düşünýärler, eglişik edýärler. Sebäbi şu gün Parahat-2-de suw kesilen bolsa, ertesi güni beýleki etraplarda-da suwuň kesiljegi ikuçsyz” diýip, synçy Bugaýew belledi.

Aşgabadyň "10 ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrundaky Parahat etrapçasynda kommunal edaranyň işgärleri suw turbalaryny bejerýär. 10-njy oktýabr, 2018 ý.
Aşgabadyň "10 ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrundaky Parahat etrapçasynda kommunal edaranyň işgärleri suw turbalaryny bejerýär. 10-njy oktýabr, 2018 ý.

Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiliginiň gowşakdygy barada ýyllarboýy habar berilýär.

Şu ýylyň iýul aýynyň başynda paýtagtyň Parahat etrapçalarynyň ýaşaýjylary 47 gradus yssyda üç günläp suwsuz galdy. Şonda resmiler suwuň kesilmegine tehniki näsazlygyň sebäp bolandygyny aýdyp, ony düzetmek üçin çäre görülýändigini mälim edipdiler.

Mundan ozal suwuň kesilip durmagyndan başga-da, onuň hiliniň pesdigi, ýaşaýyş jaýlara berilýän suwuň köplenç palçykly we çägeli sary reňkli gelýändigi, soňky wagtda şäheriň käbir böleklerine ak reňkli aşa hlorly suwuň gelip başlandygy habar berlipdi.

Paýtagtda ýaşaýjylaryň suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly bökdençlikleriň wagtal-wagtal dowam edýän mahaly, soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri hojalyklarda gaz, tok we suw ölçeýji gurallary ornaşdyrmak çärelerine hem güýçlendirýärler.

Turbanyň ýarylmagy netijesinde köçäniň käbir böleklerini suw basdy.
Turbanyň ýarylmagy netijesinde köçäniň käbir böleklerini suw basdy.

Şu günler bolsa, Türkmenistanyň käbir künjeklerinde elektrik energiýasynyň we gazyň töleglerini geçirmedik hojalyklaryň tokdan we gazdan mahrum ediljekdigi duýdurylýar. 2-nji oktýabrda paýtagtyň elektrik üpjünçilik edarasynyň işgärleriniň bir aýalyň öýüne çekilen elektrik simini öňünden duýduryş bermezden kesendigini, Azatlygyň habarçylary gürrüň berdiler.

Resmi mediada Türkmenistanyň paýtagtynyň suw üpjünçilik sistemasynyň tas doly derejede täzelenendigi we ekologiýa prinsipleriniň esasynda işleýändigi habar berilýär. Emma paýtagtda suwuň yzygiderli kesilmegi we onuň sebäpleri barada mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG