Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze özbek ýolbaşçysynyň hökmürowanlygynda ýurduň hatda öňki baştutanynyň maşgala agzalary hem "ünsüň merkezinde"


Prezident Mirziýoýew we öňki prezident Yslam Karimowyň aýaly Tatýana Karimowa bilen bilelikde Karimowa bagyşlanan ýadygärligiň açylyş dabarasyna gatnaşýar, 31-nji awgust, 2017-nji ýyl

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew özünden öň ýurdy dolandyran awtokrat lider Yslam Kerimowyň gol astynda gulluk edenleriň “üstünden düşmekde” elinde baryny gaýgyranok.

Yzyna düşülýän adamlaryň galyň sanawy düzüldi. Sanawda ýurduň Maliýe ministrligindäki öňki ýüzlerçe gullukçy “alakalar”, ýokary derejeli resmiler, kanun goraýjy edaralaryň agentleri we beýlekiler bar.

Ýurdy 27 ýyllap dolandyran Karimowyň käbir dogan-garyndaşlary hem tutha-tutlukdan öz paýyny alan-da bolsa, onuň aýaly nyşana düşmekden ilkibaşda gutulypdy.

Ýöne görnüşinden, indi gutulmaýan ýaly.

Golaýda AÝ/AR-yň Özbek gullugyna syzyp gelen ses ýazgyda Mirziýoýew ýurduň Fergana jülgesiniň ykdysadyýetiniň üstünden düşdi. Ol bu möhüm regionyň senagat taýdan yza galmagy bilen bagly, mundan ozal gözegçiligiň öz ellerindedigine giňden ynanylan tohumy günäkärledi.

“Soňky 27 ýylyň dowamynda Ferganada ýekeje zawod hem gurulmady. Meniň pikirimçe Ferganadaky nebti gaýtadan işleýän desgany tutuşlygyna metalloloma tabşyrsak hemmämize bähbitli bolardy. Ferganaly şol gelinler bu desgany ýykan-ýumran etdiler. Gödegirägem bolsa şeýle diýýärin. Siz meniň kimler barada gürrüň edýänime düşünýärsiňiz” diýip, ol aýtdy.

“Şol alakalar Ferganadaky hemme zady basyp alyp, weýran etdiler. Bu hakykat. Ferganadaky desganyň gözegçiligi hem şolardady. Garakçylar Fergana regionyny taladylar. Siziň hemmäňiz meniň kim barada gürrüň edýänimi bilýärsiňiz” diýip, Mirziýoýew belledi.

Özbek syýasatyny ýakyndan yzarlaýan synçylaryň pikirine görä, şol “gürrüňi edilýänler” Tatýana Karimowa we onuň aýal dogany Tamaradyr. Tamaranyň ogly, ýagny Tatýananyň ýegeni agzalýan zawody dolandyrýardy. Aýdylmagyna görä, şol ýegen zawodyň üsti bilen millionlarça dollary ogurlapdyr.

Mirzoýoýewiň näme sebäpden edil häzir Karimowanyň üstünden düşýändigi mälim däl. Ýöne bu kada laýyk gelýär. Özbek häkimiýetleri Karimowyň iki gyzy, Gülnara Karimowany we Lola Karimowa-Tillaýewany birnäçe aýlap derňäp gelýär. Gülnaranyň işi bilen bagly derňew ýyllap dowam edip gelýär.

“Beýleki bir tarapdan, bu ýagdaý Sowet, post-Sowet giňişliginde däbe öwrüldi. Siz öňki ýolbaşçynyň maşgalasy ýa-da onuň ýakyn töweregine garşy iş açýarsyňyz, sebäbi siz muny öz pozisiýaňyzy berkitmek üçin zerur hasaplaýarsyňyz” diýip, 2000-nji ýyllaryň başlarynda Birleşen Ştatlaryň Özbegistandaky ilçisi bolup işlän Jon Purnell aýtdy. “Muňa düşünmek aňsat. Mirziýoýew häzir kimiň başlykdygyny görkezmek isleýär” diýip, ol belledi.

“Beýleki bir tarapdan, ýagdaýyň başgaça düşündirişem bolup biler. Munuň sebäbi aýdyşym ýalydyr, ýöne şol bir wagtyň özünde Mirziýoýew Karimowyň döwründe baş goşulan korrupsiýa hadysalaryna meňzeş wakalaryň mundan beýläk kabul ederliksizdigini duýdurmak isleýär” diýip, ol belledi. “Ýöne ýagdaýa optimistik çemeleşilende bu şeýle” diýip, öňki ilçi sözüne goşdy.

Kadr çalşygy

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Karimowyň ölüm habary yglan edilenden soň, şondan soňky aýlarda Mirziýoýew korruspiýa garşy göreş çärelerine girişip, ençeme ýokary wezipeli resmini wezipesinden boşatdy.

Ýurduň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ruslan Inoýatow hem işden boşadyldy. Köpler oňa Karimowyň ölüminden soň hem eldegirmesiz galar gözi bilen seredýärdi.

Iki onýyllygyň dowamynda özüne “milletiň atasy” diýdiren diýdimzor Karimowyň üstünden düşmek görnüşinden Mirziýoýew üçin adalatly oýun ýaly bolup görünýär.

Häkimiýetler birwagtlar milletiň atasy diýlip tanalan adamyň garşysyna jemgyýetçilige açyk simwoliki işler edenden soň, Karimowyň ýylpyldysy ep-esli söndi.

Döwlet telekanalynyň işgärlerine Karimowyň adyny agzamazlyk barada berk tabşyryk berildi. Daşkendiň döwlet muzeýiniň işgärleri Karimowyň muzeýdäki portretleriniň sökülýändigini habar berdi.

Bu aralykda, Karimowyň ýakyn maşgala agzalary jemgyýetçilikde seýrek göze ilip başlady.

Tatýana Karimowa iň soňky sapar 2017-nji ýylyň awgust aýynda Daşkentde adamsyna mawzoleý bagyşlamak dabarasynda jemgyýetçilige çykdy. Ol dabarada gysga söz sözledi, hem-de gül goýmak çärelerine gatnaşdy.

Bu çärä Karimowyň kiçi gyzy Lola Karimowa-Tillaýewa hem-de Karimowyň agtygy Iman hem gatnaşdy. Iman ozallar kakasynyň mirasdüşeri hasaplanan, ýöne kakasynyň hökmürowanlygynyň soňky döwürlerinde özbek häkimiýetleri bilen arasyna tow düşen öňki model, diplomat, moda dizaýnçysy we ýokary gatlagyň wekili şöhratparaz Gülnaranyň gyzydyr.

Gülnaranyň indi birnäçe ýyl bäri öý tussaglygynda ýa-da türme tussaglygyna saklanylýandygyna ynanylýardy. Özbek häkimiýetleri ony korrupsiýa aýyplamalary esasynda günäli tapdy. Ýöne onuň häzirki ýagdaýy nämälimliginde galýar.

Karimowy hatyralap 2017-nji ýylyň awgustynda geçirilen dabaradan soň Lola jemgyýetçilikde göze ilmedi. Ol ondan ozal eýeleýän ähli wezipelerinden çetleşdirildi, ýa-da öz arzasyny ýazyp işden çykdy. Iman hem şol çäreden soň köpçülige çykmady.

Ýöne Iman oňa degişlidigi tassyklanylmadyk Instagram hasabynda özüniň öýe, Londona barýandygyny aýdyp surat paýlaşmagy bilen jemgyýetçilikde täzeden peýda bolupdy.

Öz wagtyny häzir adamsy, çagalary bilen bilelikde Pariž bilen Los Anjelsiň arasynda gatnap geçirýän Lola kakasynyň döwründe Özbegistanyň ÝUNESKO-daky ilçisi wezipesine bellenilipdi.

Lola Karimowa-Tillaýewa
Lola Karimowa-Tillaýewa

Fergananyň gelinleri

Özbegistanyň Gyrgyzystan we Täjigistan bilen serhetleşýän araçägiň ýakasynda ýerleşýän Fergana jülgesi esasy girdejisini oba-hojalyk önümçiliginden gazanýar. Ýöne ol ýerde ýerleşýän nebti gaýtadan işleýän zawod köp adamy iş bilen üpjün edýär, şol sanda zawod nebit önümleriniň, hem-de nagt puluň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Özbek synçylarynyň aýtmagyna görä, 2000-nji ýyllaryň başlarynda bu desga Tatýana Karimowanyň aýal dogany Tamara Sobirowanyň ogly Akbarali Abdullaýewe degişlidi. Fergana regionynda ýerleşýän başga-da köp sanly iri desgalaryň, şol sanda gymmat otelleriň, tekstil fabrikleriň, kwartz magdan önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň hem Abdullaýewiň gözegçiligindedigine ynanylýardy.

Ol Özbegistanyň haýyşy boýunça 2017-nji ýylda Ukrainada tussag edildi. Özbegistan onuň millionlarça dollary ogurlamak aýyplamalary esasynda ýurda ekstradisiýa edilmegini sorady. Ýöne şol ýylyň iýun aýynda Ukraina oňa bosgunlyk statusyny berdi, sebäbi Abdullaýew kazyýete özüniň ýurda dolanan ýagdaýynda öldüriljekdigini aýtdy.

Gülnara Karimowa
Gülnara Karimowa

Abdullaýewiň häzirki wagtda nirede ýaşaýandygy nämälimliginde galýar.

Britaniýada ýerleşýän Chatham House aň-düşünje guramasynyň hem-de Orsýetiň Ylymlyar Akademiýasynyň ylmy işgäri Stanislaw Priçin post-sowet Özbegistanda güýjüň ilkinji gezek Karimowyň hökümetinden Mirziýoýewiň hökümetine geçýändigini, şeýle-de Özbek elitasynyň arasynda bolup geçýän tutha-tutlygyň, Karimowyň dogan-garyndaşlarynyň üstünden düşülmeginiň beýleki Merkezi Aziýa döwletlerdäki ýagdaýlar bilen deňeşdireniňde özboluşlydygyny aýtdy.

Ol Özbegistanda güýjüň şahsylaşdyrylýandygyny gürrüň berdi. “Ol ýerde döwlet institutlary ýok, diňe adamlar we şahsyýetler bar” diýip, Priçin belledi.

“Yslam Karimow we onuň maşgalasy ykdysadyýetiň we güýjüň merkezinde ýerleşýärdi. Elbetde, şahsyýet üýtgän ýagdaýynda, hökman, sistema-da üýtgäýmelidi” diýip, ol aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG