Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Google senzuradan goranmak üçin niýetlenen täze tilsimi köpçülige hödürledi


“Google” kompaniýasy hökümetleriň girizýän senzura usullaryndan goranmak üçin niýetlenen täze tilsimi synagdan geçirip, ony köpçülige hödürledi. “Intra” atly tilsimiň ulanyjynyň howpsuzlygyny üpjün edýändigi aýdylýar.

“Google” kompaniýasynyň “Jigsaw Operations LLC” şereketi bu tilsimi Wenezuelladaky onlarça syýasy aktiwistiň üstünde synagdan geçirdi.

Şeýle-de, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda dünýäde müňlerçe adam syýasy režimleriň internetdäki senzurasyndan sowulyp geçmek üçin “Intra” tilsiminden peýdalandy.

Geçen çarşenbe güni “Google” kompaniýasynyň “Jigsaw Operations LLC” şereketi tilsimiň köpçülige hödürlenip, ulanyşa berlendigini mälim etdi.

Bu tilsim syýasy manipulýasiýa we wirus ýaýratmak usullarynyň biri bolan DNS (Domain Name Sysytem) manipulýasiýasyndan goranmaga ukyplydyr. “Intra” siziň telefonuňyz bilen DNS-serweriniň arasynda gizlin kodlamany düzýär. Şeýlelikde, bu traffige hökümetiň we hakerleriň aralaşmagy has-da kynlaşýar.

“DNS manipulýasiýasy dünýäde senzuranyň iň köp duş gelýän usullarynyň biridir. Bu hem töwekgelçilikdäki adamlara, hem-de diňe öz durmuşyny ýaşamaga we nämäniň bolup geçýändigine düşünmäge synanyşýan adamlara degişlidir” diýlip, “Jigsaw Operations LLC” şereketiniň haryt-önüm boýunça menejeri Jastin Henk (Justin Henck) “cnet.com” neşirine beren maglumatynda aýtdy.

DNS serwerini telefon belgileri hasaba alnan kitapça ýaly göz öňüne getirip bilersiňiz: goşulan domain atlaryny saýtyň IP adresi bilen gabatlaşdyrýar.

Arabaglanyşyk howpsuz bolmasa, hüjümçiler sahypalardaky adamlary nyşana almagyň deregine DNS traffikasyny ýa-da online çeşmeleri doly petikläp bilýär.

Wenezuellanyň hökümeti DNS manipulýasiýa usullary arkaly sosial ulgamlary we täze saýtlary petiklemekde tanalýar.

Barlagçylaryň pikrine görä, bu örän giň ýaýran tejribe bolup, dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunyň, şol sanda Eýranyň, Hytaýyň we Türkiýäniň hökümetleri internetiň dürli-dürli böleklerini senzura astynda saklamak üçin DNS manipulýasiýasyndan peýdalanýarlar.

Geçen hepdeden başlap “Google Play Store-da” ýerleşdirilen “Intra” tilsimi mugt bolup, ondan peýdalanýan internet ulanyjylaryndan töleg talap edilmeýär.

“Intra” siziň ulanýan tehniki enjamyňyzy, şol sanda telefonyňyzy ýa-da iPad-ňizi awtomatik usulda “Google” kompaniýasynyň umumy DNS serwerine goşýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG