Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AP: Google sizi yzarlaýar


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Siz “Google-dan” özüňiziň nirededigiňizi yzarlamagy islemeseňiz hem, ol sizi yzarlaýar diýip, “The Associated Press” agentliginiň derňew netijelerinde aýdylýar.

Habar agentliginiň maglumatyna görä, Google-yň Android we iPhone mobil telefonlarynda, elektronik gurallarynda hödürleýän hyzmatlary siziň ýerleşýän ýeriňiz baradaky maglumatlary ýatda saklaýar. Siz öz mobil telefonyňyzyň sazlama bölüminde gizlinlik düwmesine basan bolsaňyz hem, Google muny amala aşyrýar.

AP-nyň bu derňew netijelerini ABŞ-nyň Prinston şäherindäki kompýuter ylymlary boýunça derňewçiler hem tassykladylar.

Adatça Google siziň ýerleşýän ýeriňiz baradaky maglumatdan peýdalanmak üçin razylyk soraýar. Eger siz munuň bilen razylaşsaňyz, onda Google Maps bu maglumaty dessine “timeline” bölüminde saklaýar.

Siziň gidýän ýerleriňiziň ýatda saklanmagynyň gizlinlik babatynda töwekgelçilikleri bolup, polisiýa bu maglumatlar arkaly şübhelileriň ýerini anyklamak üçin peýdalanýar.

Google-yň maglumatyna görä, nirededigiňizi ýatda saklaýan “Location History” bölümini islän wagtyňyz öçürip bilersiňiz. Şonda siziň ýerleşýän ýeriňiz ýatda saklanmaýar.

Ýöne AP habar agentligi munuň dogry däldigini, hatda “Location History” bölümi öçürilende hem, Google-yň siziň ýeriňizi awtomatik görnüşde ýatda saklap galýandygyny ýazýar.

Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Meselem, siz “Maps” tilsimini açanyňyzda, Google siziň nirededigiňiz baradaky maglumatlary dessine ýatda saklap galýar. Şeýle-de, Android mobil telefonlarynda gündelik howa maglumatlaryny awtomatik görnüşde görkezýän tilsim hem siziň nirededigiňizi anyklaýar.

Belläp geçsek, bu ýerde Google-yň Android dolandyryş ulgamy ýerleşdirilen iki milliard çemesi elektronik guralyň ulanyjysy we Google-yň gözleg ulgamyndan we kartasyndan peýdalanýan ýüzlerçe million iPhone ulanyjysy barada gürrüň gidýär.

Google bolsa, bu mesele boýunça öz pozisiýasynyň anykdygyny aýdýar.

“Biz bu gurallaryň aýratynlyklaryny anyk mälim edýäris we ulanyjylar ony islän wagty öçürip biler” diýip, Google kompaniýasynyň metbugat sözçüsi AP habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

Ýöne kongresmenleriň käbirleri Google-yň berýän düşündirişini ynandyryjy hasaplamaýarlar. ABŞ-nyň Nýy-Jersi ştatyndan respublikaçy kongresmen Frank Pallone “The Associated Press” agentliginiň derňewlerinden soň, “sarp edijiniň maglumatlarynyň gizlinligini we howpsuzlygyny doly üpjün etjek kanuna” zerurlygyň bardygyny aýtdy.

Google-yň maglumatyna görä, ulanyjy öz maglumatlarynyň ýatda saklanmagyny islemese, mobil telefonyň ýa-da beýleki elektronik gurallaryň sazlamasynda “Web and App Activity” bölümini öçürmeli.

Tankytçylaryň käbiriniň pikirine görä, Google-yň ulanyjylary yzygiderli yzarlamagy onuň reklamadan, ýagny mahabatlardan gelýän girdejisi bilen baglanyşykly.

“Olar ulanyjylaryň maglumatlaryndan reklama üçin informasiýalary alýarlar. Has köp maglumat, has köp girdeji diýmegi aňladýan bolup biler” diýip, analizçi Peter Lenz belleýär.

XS
SM
MD
LG