Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bosniýada nebiti gaýtadan işleýän desgada dörän partlamada bir işçi öldi


Brod nebiti gaýtadan işleýän zawod Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Zarubežneft kärhanasyna degişli.

Bosniýa-Gerzogowinanyň demirgazygynda Russiýanyň eýeçiligindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda dörän partlamada bir işçi öldi, başga-da dokuzsy ýaralandy.

Bu hadysa Horwatiýanyň serhedine golaý Bosanski Brod sebitinde ýüze çykdy.

Resmiler partlamanyň sebäpleriniň entek doly anyk däldigini, şeýle-de derňewiň dowam edýändigini aýtdylar.

Partlamanyň netijesinde zawodyň golaýyndaky jaýlaryň penjireleri hem döwüldi.

Brod nebiti gaýtadan işleýän zawod Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Zarubežneft kärhanasyna degişli. Onuň ýylda 1.2 million tonna çyg nebiti gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG