Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki rus futbolçysy bir resmini ýenjeninden soň tussag edildi


Aleksandr Kokorin (çepde) we Pawel Mamaýew.
Aleksandr Kokorin (çepde) we Pawel Mamaýew.

Russiýada hökümet resmisini ýençmekde aýyplanýan iki futbol oýunçysy tussag edildi.

Zenit toparynyň oýunçysy Aleksandr Kokorin we Krasnodar komandasynyň futbolçysy Pawel Mamaýew – olaryň özlerini alyp barşyna bellik eden – Russiýanyň Senagat we Söwda ministrliginiň bir resmisini ýençmekde aýyplanýarlar.

Polisiýa Kokoriniň we Mamaýewiň sorag edilip, huligançylyk aýyplamalary esasynda tussaghana äkidilendiklerini mälim etdi.

Media serişdelerinde görkezilen wideo ýazgylarynda futbolçylaryň resminiň kellesine oturgyç bilen urýan we ýüzüne ýumruk atýan şekilleri görkezildi.

Eger-de, futbolçylaryň günäsi subut edilse, olara bäş ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Rus mediasy Kokoriniň we Manaýewiň bir ulag sürüjisine hüjüm etmekde hem aýyplanýandyklaryny habar berýär.

Bu ýagdaý Russiýada köpçüligiň ünsüni çekdi. Resmiler hem futbolçylaryň jezalandyrylmagyna çagyryş etdiler.

XS
SM
MD
LG