Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyn hökümeti pensiýa haklaryny iki esse artdyrmak planlaryny makullady


Rumyniýaly pensionerler pensiýa haklarynyň artdyrylmagyny talap edýärler. Buharest. 10-njy oktýabr, 2018 ý.

Rumyniýanyň hökümeti dört ýylyň içinde pensiýa haklaryny iki esse artdyrmak planlaryny makullady. 5.2 million pensioneri bolan Rumyniýanyň kärdeşler arkalaşyklary bu netijäni gowy garşyladylar.

Şol bir wagtda, bu planyň tankytçylary munuň netijesinde ýurduň jemgyýetçilik maliýe pudagyna uly agramyň düşjekdigini aýdýarlar.

Täze plana görä, 2022-nji ýyla çenli pensiýa üçin goýberilýän maliýe serişdeleri 62 milliard leýdan, 142 milliard leýe, ýagny 35 milliard dollara çenli artdyrylar.

Rumyniýada beýleki Ýewropa döwletleri bilen deňeşdirilende ortaça pensiýa haklary degişlilikde kiçi bolup, ol aýlyk 1 müň 100 leýe, ýa-da 273 dollara deňdir.

XS
SM
MD
LG