Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Khan Pakistanyň ‘dost ýurtlaryndan’ we HWF-dan maliýe hemaýatyny sorajakdygyny aýdýar


Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan ýurduň özüniň dost döwletlerine we Halkara Walýuta Fonduna ýüzlenip, töleg krizisindäki deňagramlygy dikeltmek üçin, 12 milliard dollar möçberinde maliýe hemaýatyny sorajakdygyny aýtdy.

Khanyň bu çykyşyndan soň, pakistan hökümetiniň karz üçin Halkara Walýuta Fondy bilen birlikde, Saud Arabystanyna we Hytaýa ýüz tutjakdygyna garaşylýar.

Mundan öň, Pekin bilen Riýadh Pakistana maliýe hemaýatyny beripdiler.

Khan Pakistanyň häzirki hasap defisitiniň rekord derejä, ýagny 18 million dollara ýetendigini mälim etdi. Mundanam başga, geçen aý ýurduň daşarky walýuta ätiýaçlyklary 8.4 milliard dollara çenli aşak düşdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG