Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda millionlarça nahal ekilýär, emma agaçlar azalýar

Aşgabat, sentýabr, 2018
Aşgabat, sentýabr, 2018

Türkmenistanda millionlarça nahal ekilýär, emma agaçlar azalýar diýip, ýurt ýaşaýjylary hasap edýärler.

Häzirki wagtda, hususan-da Aşgabatda jaý gurluşygynyň 14-16-njy tapgyrynyň durmuşa geçirilişi bilen baglylykda Köşi massiwinde 100 ýyllyk agaçlar çapylýar. Şeýle-de, häkimiýetleriň golaýda ýerleşýän Botanika bagyny ýumurmak plany barada sentýabrda mälim boldy.

Azatlyk Radiosy bilen efirde adynyň tutulmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy agaçlaryň çapylmagy zerarly dörän boşlugyň gür ilatly etrapçalarda has duýulýandygyny aýtdy.

"Häzir aýylganç ýagdaý göze ilýär. Asfalta we betona gaplanan baraklar. Tomsuna hereket etmek mümkin däl. Şu ýylyň iýulynda hatda Türkmenistan üçin hem anomal yssy we adam ölümi köp boldy. Tomus paýtagtda diňe kondisionerli oňaýlykly awtoulagynda hereket edip bolýardy" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

Şol bir wagtda-da, soňky 20 ýylyň dowamynda Türkmenistanda her ýyl millionlarça nahal ekilýär. Olary guramaçylykly ekmek boýunça ýowarlar tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin häsiýetde ýylda iki gezek dabaraly ýagdaýda we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, şeýdip "täze reallyk döredilýär".

Aşgabat, 2018
Aşgabat, 2018

"Ýurt dünýäniň iň uly çölleriniň we yssy güneşleriniň birinden gök oazisleriň, ajaýyp baglaryň we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülip barýar, olar täzelenmegiň we ösüşiň janly simwoly bolup durýar" diýip, döwlet mediasy habar berýär.

Emma Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, häkimiýetleriň ýurdy "baga öwürmek" syýasatynyň netijesinde paýtagt öz ösümlikleri bilen bilelikde gök şäheriň keşbini doly ýitirdi.

"Aşgabadyň merkezi köçeleriniň ugrunda agaçlaryň depesi öň birigip, gök toneli emele getirýärdi. 30-njy mikroraýon örän gökdi. Men 3-nji mikroraýonda ýaşapdym we ol tutuşlygyna gök etrapdy" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Häkimiýetler häzir ýaşaýyş jaýlaryň daşyndaky ösümlikleri ýok etmek bilen bir wagtda ýaşaýjylaryň özbaşdak agaç ekmegini hem gadagan edýärler.

Aşgabat, 2013
Aşgabat, 2013

"Öň Aşgabat ösümliklere bürenip otyrdy. Jaýlaryň birinji gatynda jaý almak örän amatlydy, ekin ekip bolýardy. Adamlar jaýlaryň arasynda-da meýletin uly agaçlary we gyrymsy agaçlary ekýärdi. Oturgyç goýup, agşamlaryna adamlar oturýardy, gepleşýärdi, çagalar oýnaýardy. Yssy howa has aňsat geçirilýärdi, pozitiw energetika bardy" diýip, söhbetdeşimiz belleýär.

Agaçlaryň köpçülikleýin çapylmagy 1990-njy ýyllaryň aýagynda başlandy. Esasan ýurduň klimatyna çydamly gür saýaly agaçlar ýok edildi.

Emma ýerli synçylaryň pikirine görä, Aşgabatda ösüp oturan agaçlary köpçülikleýin çapmak boýunça işleriň iň gyzgalaňly döwri 2015-2017-nji ýyllara düşüpdir.

Tejen şäherinde ýaşaýyş jaý, 2018
Tejen şäherinde ýaşaýyş jaý, 2018

"Hakyky aýylgançlyk häzirki prezidentiň döwründe başlandy. Hem köne, hem-de täze parklarda ýaprakly agaçlary köpçülikleýin çapyp başladylar, howpsuzlyk sebäpli içi görüner ýaly etdiler. Galan sosna we ýaprakly agaçlaryň aşaky şahalaryny kesip taşladylar. Olaryň şahalarynyň ýokara süýndürdiler, şeýdip, olaryň berýän saýasy hem azaldy. Balkanabatda we beýleki şäherlerde garagaçlary kynlyk bilen köwüp gopardylar" diýip, söhbetdeşimiz aýdýar.

Resmi maglumatlara görä, 2018-nji ýylyň agaç ekişlik kampaniýasynyň dowamynda jemi 3 million agaç ekilmeli. Olaryň ýarysy paýtagtda we onuň daşynda, galanlary beýleki welaýatlaryň merkezleriniň we şäherleriniň daşynda ekilmeli edildi. Olaryň esasan hwoýa we miwe agaçlary boljagy aýdyldy.

Aşgabat, sentýabr, 2018
Aşgabat, sentýabr, 2018

Agaçlar ýylda iki gezek bahar we güýz möwsüminde ekilýär. Şu ýylky birinji tapgyrda martda tutuş ýurt boýunça 445 müňden gowrak agaç ekilipdir, şonda ýowara 377 ýarym müň adam gatnaşypdyr. Aşgabatda 198,2 müň nahal ekilipdir.

Remi metbugatyň çap eden bu sanlaryndan çen tutulsa, häkimiýetleriň şu ýyl ekmegi göz tutuýan 3 million agajynyň diňe altyndan bir bölegi ekilipdir we galan 2 ýarym milliony güýzki ýowarda ekilmeli.

Ozalky ýyllaryň tejribelerine görä, güýzki ýowar oktýabr aýynda geçirilýär. Emma onuň şu ýyl geçiriljek wagty entek köpçülige mälim edilmedi.

Agaçlary ekmek we olara ideg etmek boýunça işler ministrliklere, pudak edaralaryna we ýaşaýyş nokatlaryň häkimliklerine tabşyrylýar. Resmi maglumatlarda ekmek üçin agaçlaryň satyn alynmagynyň we olary idemegiň maliýe çeşmeleri mälim edilmeýär.

Aşgabatdaky ýowar
Aşgabatdaky ýowar

Şol bir wagtda-da, ençeme ýyl bäri ýurduň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri ýowarlara çekilýärler, şeýle-de olaryň zähmet hakyndan agaç satyn almak we baglara ideg etmek üçin pul saklanýar. Häzirki wagtda ideg üçin saklanýan puluň möçberiniň edara görä tapawutlanyp, 5-15 manat aralygyndadygyny Azatlygyň habarçylary aýdýarlar.

Martdaky ýowaryň öňüsyrasynda habar berilişine görä, döwlet edaralarynyň işgärlerinden agaç satyn almak üçin her adamdan 10 manat möçberinde pul toplanypdyr.

Ýerli synçylar öňden bar bolan agaçlaryň köpçülikleýin çapylýarka, ekilýän täze agaçlaryň kök urman gurap galýandygyny belleýärler we munuň sebäbiniň olara kadaly idegiň edilmeýändigi, olaryň wagtynda suwarylmaýandygyny, şeýle-de olary ekmek boýunça düzgünleriň berjaý edilmeýändigi bilen baglydygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda agaç ekişligi we ýowarlaryň alnyp barylyşy döwlet baştutanyň yzygiderli we dynuwsyz üns merkezinde galýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi mediasy habar berýär.

Aşgabatda baglar guraýar

Ýöne görer gözden daşrak, dag gerişlerinde, baýyrlarda, esasan-da, Aşgabadyň demirgazyk çöllük böleginde ekilýän agaç nahallarynyň her ýylda üçden birisi hem düýp tutmaýar. Sebäbi suw ýetenok. Suw bolmadyk ýerde bolsa, arça agaçlarynyň asla kök urup bilmeýändigini, ýaşaýjylardan eşitse bolýar.
1/6 Ýöne görer gözden daşrak, dag gerişlerinde, baýyrlarda, esasan-da, Aşgabadyň demirgazyk çöllük böleginde ekilýän agaç nahallarynyň her ýylda üçden birisi hem düýp tutmaýar. Sebäbi suw ýetenok. Suw bolmadyk ýerde bolsa, arça agaçlarynyň asla kök urup bilmeýändigini, ýaşaýjylardan eşitse bolýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar, emma olaryň müňlerçesiniň guraýandygyny görse bolýar. Muňa baglara ýeterlik derejede ideg edilmezliginiň sebäp bolýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etegindäki guran baglar barada fotosergi taýýarlady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda kabul eden kararyna laýyklykda, ýurdy bagy-bossanlyga büremek kampaniýasynyň çäginde, şu ýyl ýazda we güýzde 3 million düýp nahal oturdylýar.
2/6 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda kabul eden kararyna laýyklykda, ýurdy bagy-bossanlyga büremek kampaniýasynyň çäginde, şu ýyl ýazda we güýzde 3 million düýp nahal oturdylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar, emma olaryň müňlerçesiniň guraýandygyny görse bolýar. Muňa baglara ýeterlik derejede ideg edilmezliginiň sebäp bolýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etegindäki guran baglar barada fotosergi taýýarlady.
Bu bag ekişligiň ýazky tapgyry Nowruz baýramynyň öňýanynda amala aşyrylyp, bu çäräniň çäginde ýüz müňlerçe agaç nahaly oturdyldy.
3/6 Bu bag ekişligiň ýazky tapgyry Nowruz baýramynyň öňýanynda amala aşyrylyp, bu çäräniň çäginde ýüz müňlerçe agaç nahaly oturdyldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar, emma olaryň müňlerçesiniň guraýandygyny görse bolýar. Muňa baglara ýeterlik derejede ideg edilmezliginiň sebäp bolýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etegindäki guran baglar barada fotosergi taýýarlady.
Emma ýerli ýaşaýjylar şol ekilýän agaçlaryň aglabasynyň guraýandygyny we her ýyl bag ekmek möwsüminde şol bir ýerlere gaýta-gaýta täzeden agaç nahallarynyň oturdylýandygyny aýdýarlar.
4/6 Emma ýerli ýaşaýjylar şol ekilýän agaçlaryň aglabasynyň guraýandygyny we her ýyl bag ekmek möwsüminde şol bir ýerlere gaýta-gaýta täzeden agaç nahallarynyň oturdylýandygyny aýdýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar, emma olaryň müňlerçesiniň guraýandygyny görse bolýar. Muňa baglara ýeterlik derejede ideg edilmezliginiň sebäp bolýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etegindäki guran baglar barada fotosergi taýýarlady.
Baglaryň guramagynyň esasy sebäbi suw ýetmezçiligi bolup durýar. Magistral ýollaryň ýakalaryna, göze görnüp duran ýerlere ekilýän baglara ideg edilýär. Şolaryň arasynda hem gurap gidýänlerini görse bolýar diýip, Azatlygyň habarçylary we ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.
5/6 Baglaryň guramagynyň esasy sebäbi suw ýetmezçiligi bolup durýar. Magistral ýollaryň ýakalaryna, göze görnüp duran ýerlere ekilýän baglara ideg edilýär. Şolaryň arasynda hem gurap gidýänlerini görse bolýar diýip, Azatlygyň habarçylary we ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar, emma olaryň müňlerçesiniň guraýandygyny görse bolýar. Muňa baglara ýeterlik derejede ideg edilmezliginiň sebäp bolýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etegindäki guran baglar barada fotosergi taýýarlady.
Türkmen bazarlarynda esasan daşary ýurtlardan import edilen miweleriň satylýandygyna garamazdan, TDH döwlet habar gullugy ýurtda her ýyl millionlarça düýp agaç nahalynyň, şol sanda miweli baglaryň hem köp ekilýändigini habar berýär.
6/6 Türkmen bazarlarynda esasan daşary ýurtlardan import edilen miweleriň satylýandygyna garamazdan, TDH döwlet habar gullugy ýurtda her ýyl millionlarça düýp agaç nahalynyň, şol sanda miweli baglaryň hem köp ekilýändigini habar berýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar, emma olaryň müňlerçesiniň guraýandygyny görse bolýar. Muňa baglara ýeterlik derejede ideg edilmezliginiň sebäp bolýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etegindäki guran baglar barada fotosergi taýýarlady.
Previous slide
Next slide

XS
SM
MD
LG