Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň botanika bagynyň we onuň töweregindäki jaýlaryň ýykyljakdygy duýduryldy


Aşgabadyň botanika bagynyň derwezesi

Aşgabadyň meşhur botanika bagynyň we onuň töweregindäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýykyljakdygy barada şäher we etrap häkimlikleriniň işgärleri duýduryşlary berip başladylar diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary aýdýarlar.

“Botanika bagynyň ýykyljakdygy barada bu bagyň gündogaryndaky “Turist” myhmanhanasynyň golaýynda, Görogly köçesiniň sag we çep tarapyndaky jaýlarda ýaşaýan adamlara duýdurylypdyr. Aşgabat şäheriniň täzeden gurmagyň 16-njy programmasy başlandy. Siziň haýsy senede jaýlaryňyzy boşatmalydygyňyzy ýakyn günlerde aýdarys diýipdirler. Olaryň köpüsi hökümet tarapyndan salnan jaýlar bolup, ýöne olar soňky bilen hususy eýeçilige geçirilen haýlardyr” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän synçy bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň we Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň işgärleriniň mundan bir hepde çemesi ozal duýduryş berip başlandygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Botanika bagy ýykylýar. Şeýle-de, bagdan tä “Aýna” restoranyna çenli aralyk ýykylýar. Bu restoranyň garşysynda Eýran yslam respublikasynyň ilçihanasy ýerleşýär. Bu ilçihananyň günortasyndaky jaýlaryň ýaşaýjylaryna hem duýduryş berlipdir. Ýaşaýjylar “Botanika bagynyň ýerine jaý salynýarmy?” diýip soranda, häkimligiň işgärleri “Bizem bilemizok, proýekti göremizok. Bizim borjumyz sizi duýdurmak” diýip jogap berýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ol botanika bagynyň mekdep okuwçylarynyň, çagalar baglarynyň çagalarynyň ekskursiýa alnyp barylýan, şäher ýaşaýjylarynyň hem uly höwes bilen barýan ýeri bolandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Synçy Bugaýew Türkmenistanyň Botanika institutynyň we bagynyň işgärlerine salgylanyp, botanika bagyndaky seýrek duş gelýän ösümlikleri Köpetdagyň etegindäki Çüli jülgesinde ýerleşýän täze botanika bagyna geçirmek çäresiniň mundan 10 ýyl çemesi ozal başlanandygyny aýtdy.

Aşgabadyň täze botanika bagynyň adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ençeme işgäri bu ýere getirilen ösümlikleriň köpüsiniň gögermeýändigini, gögerenleriniň hem guraýandygyny aýdyp, bu baga gelýän paýtagtlylaryň sanynyň hem örän azdygyny aýdýarlar.

Belläp geçsek, Aşgabadyň botanika bagynyň ýapyk durandygy barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky beýleki bir habarçysy geçen hepde habar beripdi. Şonda habarçymyz bagyň merkezi girelgesindäki bildirişe salgylanyp, onuň “abatlaýyş işleri” sebäpli ýapylandygyny aýdypdy.

“Botanika bagynyň işgärleri onuň haçana çenli ýapyk durjakdygy barada hiç zat aýdyp bilmedi. Demir haýatyň daşyndan bagyň içine seredeniňde, hemme zadyň taşlanandygyny we idegsizdigini görse bolýar. Ol ýerde hiç hili abatlaýyş işleri alnyp barylmaýardy” diýip, habarçymyz gürrüň beripdi.

Ýaşaýjylar üçin paýtagtyň Botanika bagynyň ýapyk durandygy barada “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri hem habar beripdi. 13-nji sentýabrda neşir özüniň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, botanika bagynyň işgärleriniň indi bu bagyň açylmajakdygyny aýdýandygyny, ýöne munuň sebäpleri barada maglumat berip bilmändigini mälim etdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Aşgabat şäher häkimligi we Bagtyýarlyk etrap häkimligi bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy. Bu barada, adat bolşy ýaly, ýurduň media serişdelerinde-de söz ýarylmaýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda, hususan-da paýtagt Aşgabatda abat desgalary ýykyp, onuň ýerine täzelerini gurmak tejribesi giňden ýaýrady.

Iýul aýynda Aşgabatda “Nissa” myhmanhanasynyň territoriýasyny giňeltmek maksady bilen, şäher häkimiýetleri onuň töweregindäki iki we üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 20-den gowragyny ýykdy.

Şol bir wagtyň özünde, täze gurlan desgalaryň, myhmanhanalaryň ýa-da “elitka” diýlip atlandyrylýan jaýlaryň köpüsiniň boş durandygyny, Azatlygyň habarçylary habar berýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG