Serbiýa eýranlylar üçin wizasyz düzgüni girizmeginden bir ýyldan gowrak wagt geçensoň ýatyrdy. Ýurduň resmileri bu kararyny eýranlylaryň bu düzgünden Ýewropada hemişelik ornaşmak üçin ýol hökmünde peýdalanýandygyna aladalanýandygy bilen düşündirdiler.
Serbiýanyň hökümeti ýurda barýan migrantlaryň bu düzgünden Ýewropa Bileleşigine bikanun barmak üçin hyýanatçylykly peýdalanýandygyny baradaky çykyşlaryň edilýän wagtynda Eýran üçin wizasyz statusyny 11-nji oktýabrda ýatyrdy.
Wiza düzgüni geçen ýylyň 17-nji awgustynda ýatyrylany bäri, 15 müňden gowrak eýranly Serbiýa bardy. Serbiýanyň media serişdeleri Belgrad bilen Tähranyň arasynda gatnaýan uçaryň ýurda doly gelip, yzyna boş gaýdýandygyny habar beripdi.
Migrantlara ýardam beriji guramalar Eýrandan barýanlaryň ençemesiniň soň ýurduna dolanmagyň ýerine Günbatar Ýewropa tarap ugraýandygyny aýdýarlar.
Ýewropa BIleleşigine agza bolmaga dalaşgär Serbiýa bileleşigiň agzasy Horwatiýa bilen serhetleşýär.
Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Serbiýa Eýran üçin wizany dikeltmese, onuň bilen wizasyz režimi ýatyrmak meselesine ençeme gezek seredipdi.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!