Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Täjigistandaky medeni günlerine 300-den gowrak adam ugradýar


Türkmen sazandalarynyň konserti, Täjigistan, (ahiw suraty)

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede we Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky medeniýet günleri geçiriler.

Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň 11-nji oktýabrda mälim etmegine görä, Türkmenistanyň resmi topary we medeni wekilleriniň 14-nji oktýabrda barmagyna garaşylýar.

Täjik metbugatyna görä, resmi duşuşyklar we medeni çäreler 15-nji oktýabrda geçiriler. Täjigistanyň Milli muzeýinde iki ýurduň resmi toparlaryň duşuşygy we metbugat konferensiýasy, şeýle-de türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan Beýik ýüpek ýoluň ýüregi" atly kitabynyň prezentasiýasy geçirler. Yzýany akademiki drama teatrynda Lebabyň Seýdi adyndaky saz- drama teatrynyň "Gulpam" atly spektakly we görkeziler, günüň dowamynda medeni çäreleriň ýene ençemesi geçiriler.

Türkmen prezidentiniň kitabyny köpçülige hödürlemek dabarasy Hatlon welaýatynda hem geçiriler.

Täjik resmilerine görä, Türkmenistan Täjigistana şu gezek ozalkysyndan birnäçe esse köp wekilini ugradýar olaryň sany 300 adamdan gowrak bolar.

Täjigistanda türkmenler Duşenbede we Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda köplük bolup ýaşaýar. Olaryň umumy sany 30 mün çemesi adama barabar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG