Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Yslamda ýokdur" atly kitap hakyndaky jedeller dowam edýär


Gurhan (illýustrasiýa)
Gurhan (illýustrasiýa)

Teolog Elşad Miriniň "Yslamda ýokdur" atly kitaby bilen baglanşykly apellýasiýa şikaýaty berildi.

Golaýda Bakuwyň 10-njy Jemgyýetçilik we ykdysadyýet kazyýeti, bu kitap bilen baglanyşykly köpçüligiň arasynda ýüze çykan problemalar esasynda berlen arz-şikaýata görä gadaganlyk kararyny etdi.

Karardan nägile bolan teologyň wekilleri ondan soň Bakuwyň apellýasiýa kazyýetine ýüz tutdy.

Elşad Miri munuň bilen baglylykda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Teologyň ýazan "Yslamda ýokdur" atly kitaby boýunça edilen arza Bakuwyň 1-nji Jemgyýetçilik we ykdysadyýet kazyýetinde eýýäm 6 aýdan bäri garalýardy.

"Şeýle kararyň kabul edilmegine garaşylýardy. Men öz döwletimiň kitaby gadagan eden ýurt hökmünde ýatlanmagynyň tarapdary däl. Gynansak-da kazyýetiň "Yslamda ýokdur" atly kitap barada çykaran karary ýurtda senzuranyň bardygyny tassyklady" - diýip, Elşad Miri öz apellýasiýasyna haçan garaljagynyň näbellidigini aýdýar.

Elşad Miriniň ýazan "Yslamda ýokdur" atly kitabynyň çap edilmegine bu ýylyň başynda Dini guramalar baradaky döwlet komitetiniň rugsat bermändigi aýan boldy.

Ol kitapda nygtalyşyna görä, yslam dininde jadygöýlük, doga-tumar, hüri, kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen durmuş gurmak, seýit-hoja, ölene gurhan okatmak, pygamberleriň günäsizligi ýaly meseleler ýokdur.

Elşad Miriniň beren maglumatyna görä, kitap dini ylmy ekspertiza esaslanyp ýazylypdyr. Şonuň üçin hem onda ýurtdaky dini ýagdaýa oňyn täsir edip biljek pikirlere orun berlipdir. Esasy garaýyşlar bolsa seýit-hoja düşünjesi we pygamberiň günäsizligi ýaly ugurlara gönükdirilipdir.

Öz kitabyna garşy edilen karar bilen ylalaşmaýan Elşad Miri, arzyny kazyýete ýetirmegi ýüregine düwüpdir.

Dini kitaplaryň senzurasy: resmiler näme diýýärler?

Dini mazmunly kitaplara gadagançylygyň girizilmegi Azerbaýjanda wagtal-wagtal ýüze çykýan bir ýagdaý.

Adam hukuklaryny goraýan jemgyýetler öz beýannamalarynda ýurtda dini edebiýatyň ýaşyrylýandygyny, ýagny böwetlenýändigini belleýärler. Şeýle-de, dini edebiýat hakynda umumy maglumatlar hem aýan edilmeýär. Bilermenleriň köpüsi bu ýagdaýy oňlamaýarlar. Olaryň pikirine görä, degişli guramalar ýaýramagyny we çap edilmegini islemeýän kitaplarynyň sanawyny taýýarlamaly. Şonuň ýaly-da ol sanaw hemmelere elýeterli bolmaly.

Bilermenler şol bir wagtyň özünde-de, ýaýradylmagy we çap edilmegi gadagan edilýän dini edebiýat bilen baglanşykly kada-kanunlaryň aýyl-saýyl edilmeginiň örän wajypdygyna aýratyn ünsi çekýärler.

Hökümetiň wekilleri bolsa resmi beýanatlarynda Azerbaýjanda dini edebiýatyň neşir edilmegi we ýaýradylmagy üçin hiç hili päsgelçilikleriň ýokdugyny aýdýarlar.

1-nji oktýabrda Azerbaýjanyň prezidentiniň administrasiýasynyň halkara gatnaşyklar, millilik we dini meseleler baradaky bölüminiň maslahatçysy Alihaýdar Zülfükarow žurnalistlere beren maglumatynda, ýurtda dini edebiýata garşy senzura gürrüňiniň bolup bilmejegini aýtdy:

"... Döwletiň bu ugurda äden ädimleriniň halkara hasabatlarda Azerbaýjana garşy tankyda öwrülmegi diýseň geň ýagdaý. Hamala Azerbaýjanda dini eserlere senzura goýlan ýaly gürrüň edilýär. Ýöne şuňa gowy düşünmeli ýagny Azerbaýjanda senzura bolup bilmez“.

Baş kanun çykaryjylar näme diýýärler?

Dini ygtykat azatlygy hakynda kanuna görä, "dini guramalar we guramalaşyp bilmedik beýleki topar ýa-da şahsyýetler degişli organyň razylygy bilen (Dini guramalar baradaky döwlet komitetiniň) dini temaly eserleri, esbaplary, dini mazmunly başga materiallaryny erkin ýagdaýda öndürip, eksport hem import edip, olary päsgelçiliksiz ýaýradyp bilerler".

XS
SM
MD
LG