Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki ýurduň arasyndaky 'ynjyk gatnaşyklaryň' fonunda, Täjigistanda türkmen medeniýet günleri geçirilýär


Türkmenistanyň Täjigistanda geçirilýän Medeniýet günleri. 4-nji noýabr, 2014-nji ýyl
Türkmenistanyň Täjigistanda geçirilýän Medeniýet günleri. 4-nji noýabr, 2014-nji ýyl

14 – 15-nji oktýabrda Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu barada Täjigistanyň Medeniýet ministrligi beýanat ýaýratdy.

Bu wakanyň çägindäki çäreler täjik paýtagty Duşenbede we Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Dusti etrabynda 30 müňe golaý türkmen kowçum bolup ýaşaýar.

Beýanatda bu çäreleriň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, hem-de täjik halkyny türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrmak maksady bilen geçirilýändigi mälim edilýär.

Täjigistanyň Medeniýet ministrligi ýaýradan beýanatynda bu çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň 350 adamdan ybarat wekilçilikli topar ugradýandygyny ýörite belleýär.

Bu waka bilen bagly, Azatlygyň Radiosynyň Täjik gullugy bilen anonim şertlerde söhbetdeş bolan täjigistanly bir resmi çeşme Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ugradýan toparynyň adam sanyna ilkibaşda özleriniň haýran galandygyny gürrüň berdi.

Ol adatça ýurtlaryň arasynda geçirilýän şeýle çärelere 80-150 adamlyk toparyň ugradylýandygyny Azatlygyň Täjik gullugyna gürrüň berdi.

5-nji oktýabrda geçiren hökümet mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanda geçiriljek Medeniýet günlerine degip geçdi.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, ol bu çäräniň döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, “türkmen wekiliýetiniň düzümine sungatyň ähli görnüşleriniň wekillerini goşmagyň möhümdigini” belläpdir.

Soňky wagtlarda iki ýurduň arasyndaky ynjyk gatnaşyklar barada maglumatlar yzygiderli peýda boldy.

Sentýabryň başynda Türkmenistan Täjigistana barýan ençeme ýük ulagyň türkmen-eýran serhedinden öz çägine girip, onda üstaşyr geçmegine rugsat bermedi. Täjigistanly bir ýük ulag sürüjisiniň 2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna telefon arkaly beren gürrüňinde Täjigistana barýan 100-e golaý ýük ulagyň Türkmenistanyň üstünden tranzit geçmegine rugsat berilmeýändigini habar berdi.

20-nji sentýabrda Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi Orsýetiň bir neşirine beren interwýusynda öz ýurduny Türkmenistanyň üstünden Owganystana birleşdirjek demirýol proýektiniň gurluşygynyň näbelli möhlete çenli yza çekiljekdigini aýtdy.

Muňa jogap edip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 22-nji sentýabrda seýrek beýanat ýaýratdy we özleriniň Täjigistanyň TOT demirýol proýektini soňa goýmak planlaryna düşünmeýändigini aýtdy.

Türkmen tarapynyň beýanatyndan soňra Täjigistanyň transport ministrligindäki ýokary derejeli bir resmi Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna TOT proýekti boýunça işleriň dowam edýändigini habar berdi.

Golaýda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolan bir türkmenistanly Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanlylar üçin türkmen serhediniň indi 28-nji awgustdan bäri ýapyk bolmagynda galýandygyny, Türkmenistanda häkimiýetleriň 1 müň çemesi studentiň Täjigistana gitmegine rugsat bermeýändigini habar berdi.

Täjik metbugatyna görä, Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleriniň çägindäki resmi duşuşyklar we medeni çäreler 15-nji oktýabrda geçiriler. Täjigistanyň Milli muzeýinde iki ýurduň resmi toparlarynyň duşuşygy we metbugat konferensiýasy, şeýle-de türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" atly kitabynyň prezentasiýasy geçiriler.

XS
SM
MD
LG