Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň iki iri partiýasy milli assambleýasyndaky orunlaryň köpüsine eýe boldy


Mardan şäherindäki saýlaw nokady, Pakistan, 14-nji oktýabr, 2018.

Pakistanda geçirilen saýlawlaryň resmi bolmadyk netijelerine görä, häkimiýet başyndaky "Tehrik-e Insaf" (PTI) we oppozisiýanyň "Musulman Ligasy-Nawaz" atly partiýalary (PML-N) milli parlamentiň aşaky öýi Milli assambleýasynda dört orundan gazandylar.

Pakistanlylar 14-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda parlamentiň aşaky öýüne 11 täze agzany saýlamak we welaýat bileleşiklerine 24 agza saýlamak üçin ses berdiler.

Deslapky netijelere görä, Pakistanyň "Musulman Ligasy - Kuaid e Azam" (PML-Q) atly partiýa iki orun eýeläpdir. Ýene bir orny "Mutihida Majlis-e-Amal" partiýasy eýeläpdir.

Pakistanyň daşynda ýaşaýan raýatlar ilkinji gezek internet üsti bilen onlain ses bermek mümkinçiligine eýe boldular.

Resmiler 7364 adamyň onlain ses bermek üçin ýüz tutandygyny aýtdylar.

Milli assambleýanyň 11 ornuna dalaş etmek üçin jemi 370 kandidat hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG