Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian wezipesinden çekilmegi planlaşdyrýar


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian parlamenti dargatmak we ýylyň aýagyna çenli täze saýlawlary geçirmek üçin 16-njy oktýabrda wezipesinden çekilmegi planlaşdyrýar.

Paşinian bu kararyny öz syýasy blogynyň sentýabrda Ýerewanyň häkimligine geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanansoň, parlamentde köplükdäki öz garşydaşlaryny çetleşdirmek üçin yglan etdi.

Öňki oppozision kanun çykaryjy Paşinian maý aýynda protestleriň netijesinde häkimiýet başyna gelipdi. Birnäçe hepdeläp dowam eden protestleriň netijesinde Serž Sarkisian häkimiýet başyndan çekilmeli bolupdy.

Ermenistanyň hökümetiniň 16-njy oktýabra bellenen maslahatynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda Paşinian ýurduň "täze taryhy döwre" gadam basýandygyny aýtdy we munuň "baharda başlanan zorluksyz mahmal rewolýusiýasyny" tamamlajakdygyny belledi.

Paşinianyň metbugat wekili Arman Egoian Paşinianyň 16-njy oktýabrda wezipesinden çekiljekdigini AÝ/AR-nyň Ermeni gullugyna aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG