Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda söweşijileriň hüjüminde ençeme polisiýa resmisi wepat boldy


Owganystanyň Samangan welaýatynyň kartasy
Owganystanyň Samangan welaýatynyň kartasy

Owganystanyň demirgazyk Samangan welaýatynda "Talyban" toparynyň howpsuzlyk güýçleriň nokatlaryna eden hüjüminde birnäçe polisiýa ofiseri, şol sanda welaýatyň polisiýa müdiri wepat boldy diýip, welaýatyň häkimi Abdul Latif Ibrahimi aýtdy.

Welaýat geňeşiniň agzalarynyň aýtmagyna görä, söweşijiler gijäniň ýary Dari Suf etrabynda barlag geçiş nokatlaryň ençemesine, şeýle-de welaýatyň baş polisiýa we aňtaw ýolbaşçysyna hüjüm edipdir. Ibrahimi ýedi sany polisiýa wekiliniň wepat bolandygyny we bäş adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Ol hüjümçileriň iki sany ulaga harby we tiz kömek ulaglaryna münüp gelendigini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini dessine hiç kim öz üstüne almady, emma soňky aýlarda "Talyban" ýurduň harbylaryna garşy tas günde hüjümleri amala aşyrýar.

14-nji oktýabrda "Talybanyň" Owganystanyň gündogarynda harby baza eden hüjüminde 17 owgan esgerini öldürdi.

XS
SM
MD
LG