Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykmanda it-pişikler arassalanýar; resmiler bu çäreleriň görkezmä esaslanyp görülýändigini tassyklaýar


Illýustrasiýa suraty. Köçede gezmeleýän eýesiz itler. Arhiwden alyndy
Illýustrasiýa suraty. Köçede gezmeleýän eýesiz itler. Arhiwden alyndy

Türkmenistanda häkimiýetleriň paýtagty eýesiz ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleri üýtgewsiz dowam edýär. Bu barada Azatlygyň aşgabatly habarçysy maglumat berýär. Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň başlygy şäheri eýesiz haýwanlardan arassalamak boýunça görülýän çäreleriň özlerine ýokardan görkezme bilen tabşyrylandygyny resmi derejede tassyklady. Azatlyk Radiosyna munuň şeýledigini görkezýän resmi hat gelip gowuşdy.

16-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy Berkararlyk etrabyna degişli bir köçe süpürijisiniň sözlerine salgylanyp, häzirki wagtda Aşgabadyň ýaşaýyş jaý müdirliginiň gündelik bir pişik tutup tabşyrmak boýunça köçe tämizlikçilerine ýörite görkezme berýändigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, köçe tämizlikçileri üçin gündelik pişik plany kesgitlenilýär.

Habarçy agzalýan etrapda ykmanda itleriň tas ählisiniň ýok edilendigini aýty.

Azatlygyň habarçysy pişik ýygnamakdan ýüz öwürýän işgärlere işden çykarylmak howpunyň abanýandygyny paýtagtyň ýaşaýyş jaý müdirligindäki bir işgäre salgylanyp habar berýär.

Beýleki tarapdan, ýurt resmileri paýtagty it-pişiklerden arassalamak çäreleriniň ýokardan görkezme esasynda berjaý edilýändigini aýdýarlar. Olar haýwan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň eýesiz it-pişikleriň öldürilýändigi barada berýän habarlaryny gytaklaýyn resmi derejede tassyklaýar.

Ýagny, Aşgabat şäheriniň ençeme ýaşaýjysy it-pişikleriň köpçülikleýin öldürilmegi boýunça nägileliklerini beýan edip, 2018-nji ýylyň 28-nji awgust güni Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Jemagat hojalygy müdirligine ýörite arza bilen ýüz tutýar.

Aşgabadyň ýaşaýjylary it-pişikleriň zulum bilen öldürilmegi boýunça resmilere arza-şikaýat bilen ýüzlendi
Aşgabadyň ýaşaýjylary it-pişikleriň zulum bilen öldürilmegi boýunça resmilere arza-şikaýat bilen ýüzlendi

Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşigi 2018-nji ýylyň 5-nji sentýabr güni ýaşaýjylaryň arza-şikaýatyna jogap berýär.

Birleşigiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D. Ýazlyýewiň goly bilen çap edilen resmi hatda Aşgabady gündelik ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleriniň Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň buýrugy esasynda ýerine ýetirilýändigi aýdylýar.

Ýöne ýaşaýjylaryň arza-şikaýatyny kanagatlandyrmak maksady bilen ýazylan resmi jogapda Ministrler kabinetiniň başlygynyň haýsy orunbasarynyň buýrugynyň berjaý edilýändigi agzalmaýar.

Onuň mazmunynda şeýle diýilýär: “Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň 2013-nji ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran TS/15 belgili “Türkmenistanda itleri we pişikleri saklamagyň tertibi” hakyndaky buýrugyna laýyklykda, birleşigiň we onuň garamagyndaky etrap Arassaçylyk müdirlikleri tarapyndan gündelik geçirilýän eýesiz ykmanda it-pişikleri düzgüne laýyk tutmak boýunça görkezme berlendigini, hem-de gözegçilikde saklanýandygyny size habar berýäris”

Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Jemagat hojalygy müdirligini ýaşaýjylaryň arza- şikaýatyna resmi hat bilen jogap berdi
Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Jemagat hojalygy müdirligini ýaşaýjylaryň arza- şikaýatyna resmi hat bilen jogap berdi

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň ýok edilýän it-pişikler boýunça ýazan arza-şikaýatyna, ýurt resmileri haýwanlara garşy görülýän çäreleri aklap jogap gaýtarýar.

Türkmenistanda eýesiz ykmanda it-pişikleriň zäherlenip, urlup-ýenjilip, haltalara salnyp öldürilýändigi barada habar berilýär.

Soňky ýyllarda Aşgabadyň köçelerinden idegsiz haýwanlary ýygnamak boýunça işler guramaçylykly häsiýete eýe boldy.

Mundan ozal, paýtagtda idegsiz haýwanlary köçelerden ýygnamak işini ýaşaýyş jaýlara garaşyk edýän öý hojalyk edaralarynyň amala aşyrýandygyny, köçelerden eýesiz haýwan ýygnaýan gyzgylt reňkli ýörite awtoulaglaryň peýda bolandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçylary, haýwanlary goraýjy aktiwistler we garaşsyz media serişdeleri habar beripdi.

Türkmenistanda geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiren V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda Aşgabatdaky aktiwistler türkmen häkimiýetleriniň paýtagtyň ähli künjeklerinde öýsüz haýwanlary ‘awlamak’ boýunça giň göwrümli çäre geçirýändigini, itleriň we pişikleriň köçelerde zäherlenip öldürilýändigini habar beripdiler.

Geçen ýylda idegsiz haýwanlaryň rehimsiz ýok edilýändigi barada garaşsyz çeşmeleriň yzygiderli çap eden maglumatlaryndan soň, Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurtda öýsüz haýwanlar üçin ýörite penahananyň döredilendigini habar beripdi. Emma ýerli aktiwistler Çoganlyda ýerleşýän bu penahanada itleriň açlykdan ölýändigini köpçülige mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG