Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda hakyna tutma ýygymçylaryň tölegi 200 manada çykdy, Saýatda lukmanlar ýygyma çekilýär


Lebap welaýatynyň pagtaçylary. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Lebap welaýatynyň pagtaçylary. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Lebap welaýatynda pagta möwsümi bilen bagly mejbury çäreler dowam edýär. Türkmenabatda pagta ýygymyna öz deregine hakyna tutma ýygymçy ugradýan býujet işgärleriň her haýsyndan oktýabr aýy üçin 200 manat möçberinde pul serişdesi ýygnaldy. Ýöne muňa garamazdan, olar pagta ýygymyna çekilip başlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu barada maglumat berip, býujet işgärleriniň öz ornuna hakyna tutma ýygymçy ugratmak tejribeleriniň mundan ozalky ýyllarda bolşy ýaly saklanyp galýandygyny, ýöne bu sapar munuň töleginiň ýokarlanandygyny habar berdi.

Geçen hepdäniň ýekşenbe gününden bäri, býujet işgärleri öz ornuna hakyna tutma ýygymçy ugradan-da bolsa, olar pagta ýygymyna mejbury çekilýär.

“Şäheriň ýaşaýjylary obalara ugradylýan wagty, oba ýaşaýjylary köpçülikleýin şäherlere gelip, söwda-satyk bilen meşgullanýarlar” diýip, habarçy belledi.

Lebap welaýatynyň beýleki künjeklerinde-de býujet işgärlerini ýygyma çekmek işleri dowam edýär.

Lebaply bir ýaşaýjy Azatlyga beren maglumatynda Saýat etrabyna degişli bir hassahananyň işgärleriniň 5 tonna pagta tabşyrmak bilen borçlandyrylandygyny habar berdi.

“Hassahananyň jemi sany 90 töweregi işgärleriniň ählisi pagta ýygymyna çekilýär. Häkimlik olardan adam başyna 60 kilogram pagta ýygmagy talap edýär, ýöne olar munuň mümkin däldigini aýdýarlar” diýip, ol gürrüň berdi.

Lukmanlar bilen bir hatarda aň-bilim işgärlerinden hem pagta tabşyryklaryny berjaý etmek berk talap edilýär.

“Pagta ýygymy bilen baglylykda mekdeplerde her gün ýygnaklar geçirilýär. ‘Näme üçin az ýygýaňyz’ diýen sözleri her gün eşitse bolýar” diýip, lebaply gürrüňdeşimiz aýtdy.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan pagtaçy kärendeçiler tehnika, dökün we suw ýetmezçiligi sebäpli ýurt boýunça pagtanyň bu ýylky hasyllylygynyň ozalky ýyllara garanyňda pesdigini gürrüň berýärler.

Bu ýyl Lebap welaýatynda jemi 120 müň gektar meýdana gowaça ekilip, welaýatyň kärendeçileri 300 müň tonna pagta hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmaga borçly edildi.

Häkimiýetler Lebap welaýatynda býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna çekýän wagty döwlet mediasy welaýatyň çäginde alnyp barylýan pagta ýygymynyň depgini barada maglumat çap etdi.

Ýöne bu maglumatda welaýatda häzire çenli plan borçnamasynda görkezilen pagtanyň näçe göteriminiň harmana tabşyrylandygy mälim edilmeýär.

Resmi metbugatda ýurduň gowaça meýdanlaryna niýetlenip, daşary ýurtlardan ýüzlerçe kombaýnlaryň satyn alnandygy habar berilýär.

Hökümet geňeşlerinde ýurt baştutany derejesinde ýurduň gowaça meýdanlaryndan “pagtanyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak” boýunça talaplar edilýär.

Halkara hukuk toparlary ýurduň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyny tankyt edýärler.

Munuň bilen baglylykda, 1-nji oktýabr güni ençeme halkara hukuk toparlaryndan düzülen “Pagta kampaniýasy” atly halkara topar prezidentiň saparyna gabatlap, Nýu-Ýorkda protest çäresini geçirdi.

Döwlet telewideniýesinde efire berilýän gepleşiklerde pagtaçylaryň “ýokary ruhubelentlikde” pagta ýygýandygy, ýygymyň dowamynda arakesmede olaryň sungat işgärleriniň çykyşlaryna “lezzet bilen tomaşa edýändigi” öňe sürülýär.

Mundan bir hepde ozal, 12-nji oktýabrda geçiren hökümet mejlisinde prezident Berdimuhamedow Halk Maslahatynda hödürlenen çözgütlerden ugur alyp, Türkmenistanda “sürümli ekerançylykda peýdalanylýan we ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriň azyndan 70 göterimine şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek” boýunça karara gol çekdi.

XS
SM
MD
LG