Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen lideri inguş protestçilerine ýene haýbat atdy


Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow
Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow

Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow goňşy Inguşystanda iki regionyň arasynda baglaşylan ýer ylalaşygyna garşy protest geçirýänlere ýene haýbat atyp, çykyş etdi.

Inguşystanyň paýtagty Magasda protestler dowam edýän pursady, Kadyrowyň bellikleri döwletiň eýeçiligindäki telewideniýede görkezildi.

“Serhediň bir tarapynda çeçen, beýleki tarapynda hem inguş halkynyň topraklary ýerleşýär. Eger-de, olar hakyky är kişi bolsalar, goý, protestlerini şu ýerde gurnasynlar” diýip, Kreml tarapyndan goldanylýan Kadyrow çykyş etdi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Bulara ýolbaşçylyk edýänler, geliň-de, şu topraklar hem biziňki diýmäge milt edip görüň. Bakaly, siz şu ýerden diri çykýaňyzmy ýa ýok” diýip, haýbat atdy.

Inguşlaryň aglabasy ýer ylalaşygynyň Çeçenistanyň bähbitleriniň göz öňünde tutulyp düzülendigini aýdýarlar. Ylalaşyga garşy çykyp, Magasyň merkezi meýdançasynda müňlerçe protestçi ýygnanypdy.

Bu ynjyk Demirgazyk Kawkaz sebitinde soňky ýyllaryň dowamynda gurnalan ilkinji şeýle syýasy protest çäresi boldy.

XS
SM
MD
LG