Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň senagat we ýollar ministrleri wezipelerinden çekildiler


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, ýurduň senagat we ýollar ministrleri wezipelerinden çekildiler.

Prezident Hassan Rohani beýanat arkaly senagat ministri Mohammad Şariatmariýe we ýollar ministri Abbas Akhoundiýe, olaryň “janaýamazlykly hyzmaty” we “akýürekli tagallalary” üçin, minnetdarlygyny bildirdi.

Maglumata görä, iki ministr işden gitmek baradaky arzalaryny mundan bir aý öň tabşyrypdyrlar.

Awgustda Rohaniniň iş we ykdysady ministrleri hem, kanunçykaryjylaryň ýurduň ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri resmileriň alyp barýan işlerine bildiren nägileliklerinden soň, wezipelerinden gitmäge mejbur bolupdylar.

ABŞ-nyň 2015-nji ýyldaky Ýadro ylalaşygyndan çykmagy we Tährana garşy sanksiýalary täzeden girizmegi netijesinde, Eýranyň maliýe krizisi has-da ýitileşdi.

XS
SM
MD
LG