Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçjek Dünýä çempionatyna ‘rekord derejede’ türgen gatnaşar


Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçjek Dünýä çempionatynyň resmi nyşany.

Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçjek Dünýä çempionatyna, rekord derejede, ýagny dünýäniň 91 döwletinden 693 türgen gatnaşar. Bu baradaky degişli jemleýji sanaw Agyr atletikanyň Halkara federasiýasynyň saýtynda çap boldy.

1-10-njy noýabr aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçjek çärede erkekleriň 84-nji we aýallaryň 27-nji Dünýä çempionatlary geçiriler.

Maglumat üçin aýdylsa, 2011-nji ýylda Parižde geçirilen çempionata 87 döwletden türgen gatnaşan bolsa, 1999-njy ýylda Afinyda geçirilen ýaryşda 626 agyr atletikaçy çykyş edipdir.

Türkmen resmileriniň beren maglumatyna görä, ýaryşlara hyzmat etmek üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden meýletinçileriň 500-e golaýy taýýarlanypdyr.

Bu çempionaty ilki Perunyň paýtagty Limede geçirmek planlaşdyrylypdy. Emma, ýaryşyň geçirilmeli kompleksiniň gurlup ýetişmändigi sebäpli, ony Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi.

Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri bu halkara sport çäresine döwlet gaznasyndan goýberilýän maliýe serişdeleri aýdyň edilmeýär. Galyberse-de, çärä görülýän taýýarlyklaryň çäginde paýtagtda ykmanda itdir pişikleri awlamak kampaniýasy alnyp barylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG