Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa ABŞ-nyň Ýarag ylalaşygyndan çykmagynyň ‘howply ädim ‘ boljakdygyny duýdurdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Waşingtonyň Sowuk Urşy döwrüniň Russiýa bilen baglaşylan ýaraglary kontrol etmek ylalaşygyndan çykmak planlary “örän howply ädim bolar” diýip, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow aýtdy.

Mundan bir gün öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp – Russiýanyň Orta we Kiçi uzaklykdaky raketalar ylalaşygyny “ýyllar boýy bozup gelendigini” aýdyp – Waşingtonyň bu Ylalaşykdan çykýandygyny yglan edipdi.

1987-nji ýylda baglaşylan Ylalaşyk ABŞ-a we Russiýa 500-5,500 kilometr uzaklykdaky raketalaryň önümçiligini we ornaşdyrylmagyny gadagan edýärdi.

ABŞ-nyň resmileri Russiýanyň bu hili ýaraglary ýyllar boýy özleşdirip gelýändigini aýdyp, 2014-nji ýylda bu baradaky aýyplamalaryny resmi derejede yglan edipdiler. Döwlet Departamenti bolsa, Moskwanyň bu ýaraglary ornaşdyryp başlandygyny belläpdi.

Russiýa, öz gezeginde, ABŞ-nyň aýyplamalaryny dowamly ret edip, ABŞ-nyň Ýewropada ýerleşdiren raketa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň käbir elementleriniň gürrüňi gidýän Ylalaşygy bozýandygyny öňe sürüpdi.

Ylalaşyk ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Ronald Reagan we sowet lideri Mihaýil Gorbaçýew tarapyndan baglaşylypdy.

“Biz ylalaşygy togtadyp, ondan çykýarys” diýip, Tramp şenbe güni Newadada çykyş etdi.

Tramp: “Russiýa we Hytaý bize ýüzlenip, ‘geliň, muňa parasatly çemeleşip, şeýle ýaraglaryň önümçiligini bes edeliň’ diýmeýänçä, biz bu ýaraglary öndürmäge mejbur bolarys” diýip, belledi.

Trampyň bu çykyşyndan öň, onuň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton Ylalaşygy we beýleki meseleleri maslahat etmek üçin Moskwada saparda bolupdy.

XS
SM
MD
LG