Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda parlament saýlawlary dowam edýär


Owganlar Khost welaýatynda ses berýärler. 20-nji oktýabr, 2018 ý.

Owganystanda tertip ikinji gün bäri parlament saýlawlary geçirilýär.

Ses berilişigiň birinji gününde, tehniki we howpsuzlyk meseleleri sebäpli, saýlaw uçastoklarynyň ýüzlerçesi ýapylypdy.

Saýlaw resmileri ses berilişigiň ýekşenbe güni 401 saýlaw uçastogynda dowam etdiriljekdigini aýtdylar. Maglumata görä, ses bermek üçin hasaba duran dokuz million raýatyň üç milliondan gowragy şenbe güni 4 müň 500 saýlaw uçastogynda ses beripdir.

Saýlaw döwri jeňçileriň amala aşyran hüjümlerinde onlarça adam öldi we ýaralandy.

Mundanam başga, käbir saýlaw uçastoklarynda guramaçylyk we tehniki näsazlyklar ýüze çykdy.

Saýlawlaryň deslapky netijeleriniň 10-njy noýabrda, soňky netijeleriniň hem dekabrda yglan edilmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG