Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ýygymyň guralyşyna nägilelik bildirdi, raýatlary pagta meýdanlaryna çekmek işleriniň depgini güýçlenýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pagta meýdanyna baryp görýär. Arhiwden alnan surat

Prezident Berdimuhamedow 22-nji oktýabrda käbir döwlet resmileri bilen geçiren wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda ýurtda dowam edýän pagta ýygym möwsüminiň guralyşyna nägilelik bildirdi. Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi maslahatyň yzýany beren maglumatynda mundan beýläk ýurduň ähli künjeklerinde raýatlary köpçülikleýin pagta ýygymyna çekmek çäreleriniň güýçlendirilýändigini habar berdi.

“Pagta meýdanlaryna has köp adam çekmek boýunça görkezme berildi. Düýnki ýygnakdan soň hemmeler başagaý. ‘Başlyk’ pagtanyň döwlet planyny nädibem bolsa dolmagy tabşyrdy. Meýdanlarda pagta ýok.” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşme aýtdy.

Berdimuhamedowyň duşenbe güni göni aragatnaşykda geçiren iş maslahatyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň käbir orunbasarlary we Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdyryldy. Ýygnagyň dowamynda beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda ýurtda dowam edýän pagta möwsümi barada gürrüň edildi.

Maslahatda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgediýew ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, şol sanda pagta hasylyny ýygnamak barada prezidente hasabat berdi.

Öz gezeginde prezident Berdimuhamedow ýurtda “ýygym möwsüminiň guralyşyna nägilelik” bildirip, munuň sebäpleri bilen gyzyklandy.

Wise-premýer daýhanlaryň hasyly tutanýerli ýetişdirendigini, olar üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, bar bolan kemçilikleri häkimleriň üstüne atdy.

Orazgeldiýew 2004-nji ýyldan bäri ýurduň oba hojalyk pudagy bilen bagly ulgamlarynda ýokary wezipeleri eýeläp gelýär.

Berdimuhamedow käbir etraplarda pagta ýygymynyň göwnejaý guralmaýandygyny aýdyp, munuň bilen baglylykda Kaka etrabynyň, Ruhubelent etrabynyň, Köýtendag etrabynyň, Döwletli etrabynyň hem-de Murgap etrabynyň häkimlerini günäkärledi.

Eýsem, pagta ýygymynyň göwnejaý guralmagy diýmek bilen, beýleki oba hojalyk işleri bilen bir hatarda raýatlaryň köpçülikleýin ýygyma çekilmegi göz öňünde tutulýarmy?

Maslahatyň yzýany sişenbe güni Azatlyga maglumat beren hökümete ýakyn ynamdar çeşme mundan beýläk ýurduň ähli künjeklerinde raýatlary has köpçülikleýin ýygyma çekmek boýunça görülýän çäreler barada gürrüň berdi:

“Ähli etraplarda pagta ýygymyna has köp adam çekmek tabşyryldy. Býujet işgärleri ýetmeýän bolsa, hususy kärhanalaryň işgärlerini ýygyma çekmek boýunça buýruk berildi” diýip, çeşme belledi.

Ol hemmeler ýygyma gatnaşar ýaly pagta möwsüminiň galan günlerinde ýokardan görkezme bilen ýerlerde bazarlaryň we hususy söwda dükanlarynyň işleriniň çäklendirilýändigini mälim etdi.

Halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenisatnda raýatlaryň pagta ýygymyna mejbury çekilmegini tankyt edip gelýär.

Ýöne muňa garamazdan ýurtda alnyp barylýan mejbury pagta ýygym kampaniýalarynyň bady gowşamaýar.

22-nji oktýabrda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) saýty ýurtda dowam edýän pagta möwsümi bilen baglylykda Türkmenabat şäheriniň mekdepleriniň güýzki dynç alyş möwsüminde ýapylýandygyny we mekdepleriň ähli mugallymlarynyň, hem-de hojalyk işgärleriniň hemmesiniň pagta ýygymyna çekilýändigini habar berdi.

“Mugallymlar soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji gezek 15 mekdebiň güýzki dynç alyş möwsüminde ýapylandygyny aýdýarlar” diýip, TAH ýazýar.

Neşiriň maglumatynda ähli mekdepleriň ýapylyp, işgärleriň ýygyma çekilmegi boýunça görkezmäniň Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýew tarapyndan berlendigi agzalyp geçilýär.

Ýurtda raýatlary pagta ýygymyna mejbury çekmek işleriniň depgininiň güýçlenýän wagty, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan pagtaçy kärendeçiler suw, tehnika we dökün ýetmezçiligi sebäpli gowaçanyň bu ýylky hasyllylygynyň pesdigini aýdýarlar.

Muňa garamazdan soňky hökümet maslahatynda prezidentiň nägileligi, döwlet metbugatyndan mälim bolşuna görä, diňe “ýygymyň guramaçylygyna” gönükdirildi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG