Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ABŞ-Türkmenistan konsultasiýalary geçiriler


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçsiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Emiliýa Puma
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçsiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Emiliýa Puma

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçsiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Emiliýa Puma ABŞ-Türkmenistan ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalaryna gatnaşmak üçin Aşgababada sapar etjek amerikan delegasiýasyna ýolbaşçylyk eder. Tertip boýunça bäşinji gezek geçirilýän konsultasiýalar 25-26-njy oktýabr aralygynda geçiriler.

Türkmenistan tarapyndan 2010-njy ýylda inisirlenen bu konsultasiýalar soňky gezek 2015-nji ýylda Waşingtonda geçirilipdi.

Saparyň dowamynda ABŞ resmisiniň ýokary derejeli türkmen emeldarlary bilen hem gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Maglumata görä, bu ýylky konsultasiýalarda beýleki meseleler bilen bir hatarda regional howpsuzlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary, adam hukuklarynyň goralmagynyň üpjün edilmegi hem maslahat ediler.

XS
SM
MD
LG