Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda geçiriljek sport ýaryşyna niýetlenip, 1.300 komplekt eşik taýýarlanyldy


Illýustrasiýa suraty. Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna hödürlenen egin-eşik teklipleri. Arhiwden alyndy

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli döwlet kärhanalary Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna niýetläp, 1 müň 300 komplekt, ýagny 7 müň töweregi eşik we aksesuarlary taýýarlady. Bu barada “Turkmenportal” saýty döwlet metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Taýýarlanan lybaslaryň ýaryşa gatnaşyjy türgenlere, meýletinçilere, gurnaýjylara, saglyk işgärlerine, media serişdeleriniň wekillerine we hojalyk işgärlerine niýetlenilendigi habar berilýär.

"Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty Aşgabat – 2018-iň" resmi websahypasynda bu ýaryşa dünýäniň 100 ýurdundan 800-e golaý türgeniň gatnaşjakdygy habar berilýär. Agyr atletika boýunça halkara federasiýanyň öz saýty bu ýaryşa gatnaşmak üçin häzirki wagtda 91 ýurtdan 693 türgeniň ýazylandygyny aýdýar.

Çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmegine garaşylýan jemi 1 müň 500 töweregi adama 500 sany ýerli meýletinçi ýolbeletlik eder.

Türkmenistanda dowam edýän agyr ykdysady krizisiň fonunda, paýtagt Aşgabatda 1 – 10-njy noýabr aralygynda Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär.

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Olimpiýa şäherjigine baryp çempionata görülýän taýýarlyklaryň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet metbugatynda sport çäresine gatnaşýanlara ýokary ýokumlykly ekologiýa taýdan arassa ir-iýmişleriň, şeýle-de milli naharlaryň hödürlenjekdigi mahabatly habar berilýär.

“Türgenler üçin niýetlenen naharhanada ýokary halkara ölçeglere hem-de sagdyn iýmitlenmegiň talaplaryna laýyk gelýän birinji we ikinji naharlaryň dürli görnüşleri, türkmen topragynda ösüp ýetişýän ekologiýa taýdan arassa, tagamy boýunça deňi-taýy bolmadyk gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlar, üzümler we bakja önümleri hödürlener” diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň regionlarynda ýerli ýaşaýjylar tapgyr iki ýyl bäri un we çörek ýetmezçiliginden ejir çekýär.

Ýaryşyň öňýany Aşgabatdaky sport desgalarynyň hatarynda “Türgen” atly söwda merkezi açyldy. Döwlet telekanallarynda merkeziň tekjelerindäki ir-iýmişler, dürli iýmit önümleri tomaşaçylara ýetirildi.

22-nji oktýabrda hökümet resmileri bilen geçiren iş maslahatynda Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimine halkara çäräniň öňýany paýtagtda arassaçylyga berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Üstümizdäki aýyň birinji ongünliginde geçiriljek halkara sport çäresiniň öňýany Aşgabat şäher häkimligine degişli Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgärleri köçelerdäki eýesiz haýwanlary ýygnamak işlerine girişdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary idegsiz it-pişikleriň zorlukly ýygnalýandygyny, olara jebir-sütem edilýändigini habar berýärler.

Bu çempionaty ilkibaşda Perunyň paýtagty Limede geçirmek meýilleşdirilýärdi, ýöne ýaryş geçiriljek sport desgalary gurlup ýetişmänsoň, Agyr atletika boýunça halkara federasiýa ony Aşgabatda geçirmegi kararlaşdyrdy.

Türkmen häkimiýetleri Aşgabatda şeýle halkara çäreleri geçirmegiň ýurduň beýleki döwletleriň arasyndaky abraýyna goşant goşýandygyna ynanýar; milliardlarça dollar maliýe serişdelerini harçlap, myhmanhanalary, söwda merkezlerini we sport desgalaryny gurdurýar.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna niýetlenilip paýtagtda Olimpiýa şäherjigi bina edildi.

Halkara walýuta fondy türkmen hökümetine harçlamalary tygşytlap, olary esasan ylym-bilim-saglyk pudagyna hem-de adam kapitalyna sarp etmegi, şol sanda ilatyň gowşak gatlagyny goramagy maslahat berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG