Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýanyň lideri ÝB-niň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny ýatyrmaga çagyrdy


Italiýanyň premýer-ministri Giuseppe Konte (çepde) rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirýär.
Italiýanyň premýer-ministri Giuseppe Konte (çepde) rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirýär.

Italiýanyň premýer-ministri Ýewropa Billeleşigine ýüzlenip, Russiýa garşy girizilen sanksiýalary togtatmaga çagyrdy. Şeýle-de, Giuseppe Konte gadagançylyklara garamazdan Moskwa bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Konte iýunda häkimiýet başynda geçenden soň Moskwa eden ilkinji saparyny dowamynda Russiýany dünýä derejesindäki möhüm oýunçy atlandyryp, rus prezidenti Wladimir Putini Italiýa çagyrdy.

Italiýanyň premýer-ministri Kremliň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagy netijesinde Ýewropa Bileleşigi bilen Russiýanyň arasynda dörän bölünişigiň uzaga çekendigine ynanýandygyny aýdyp, Moskwa garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyna çagyrdy.

Emma, ol dekabrda ÝB liderleriniň sanksiýalaryň möhletini uzaltmak boýunça geçirjek ses berilişiginde Rimiň weto hakyny ulanyp-ulanmajakdygy barada hiç zat aýtmady.

XS
SM
MD
LG