Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan “Talybanyň” ýokary derejeli kommandirini “azatlyga goýberdi”


"Talyban" jeňçileri. Arhiw suraty.
"Talyban" jeňçileri. Arhiw suraty.

Pakistanyň mundan sekiz ýyl ozal tusag edilen owgan “Talyban” hereketiniň ýokary derejeli kommandirini azatlyga goýberendigi barada maglumatlar gowuşýar.

“The Associated Press” habar agentligi, aňtaw resmilerine salgylanyp, “Talybanyň” esaslandyryjylarynyň biri bolan Molla Abdul Ghani Baradaryň “ýokary derejeli gepleşiklerden soň” azat edilendigi barada maglumat berdi.

Baradar Molla Omaryň häkimiýeti döwri “Talybanda” ikinji adam hasaplanýardy. Ol toparyň Owganystanyň günortasyndaky harby hereketlerine hem gözegçilik edýärdi.

Baradar 2010-njy ýylda Pakistanyň Karaçi şäherinde tussag edilipdi.

Maglumatlarda munuň ABŞ-nyň jeňçiler bilen Kabul hökümetiniň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini ýola goýmak ugrunda alyp barýan tagallalarynyň çäginde amal edilen bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.

“Ol özüniň saglyk ýagdaýy sebäpli azatlyga goýberilmedi. Pakistan hem onuň parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmagyny isleýär. Onuň ýagdaýy gowy. Onuň parahatçylyk prosessinde aktiw rol oýnamagyna garaşylýar” diýip, “Talybanyň” çeşmeleriniň biri BBC habar gullugyna maglumat berdi.

Owganystan we Pakistan bu maglumatlar barada häzirlikçe resmi ýagdaýda çykyş etmediler.

XS
SM
MD
LG