Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp bomba bukjalaryny taýýarlanlaryň tapyljakdygyny söz berdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, ýurtda öňdebaryjy demokratlara we Ak Tamy tankytlaýan beýleki ýokary derejeli resmilere ýollanan bombalardan soň, habar serişdelerine ýüzlenip, “tükeniksiz duşmançylygy” bes etmäge çagyrdy.

Tramp penşenbe güni eden çykyşynda bularyň guramaçylarynyň tapyljakdygyny söz berdi. Şol bir wagtda, ol media “oňaýsyz, şeýle-de köp halatlarda ýalan hüjümleri we maglumatlary” ýaýratmagyny bes etmäge çagyrdy.

Bu aralykda, Trampyň kömekçileriniň biri “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda syýasy gazaplylyga ýol berilmejekdigini” aýdyp, çykyş etdi.

Mundan öň, CNN gullugyna, ABŞ-nyň ozalky prezidenti Barak Obama, öňki döwlet sekretary Hillari Klintona we beýlekilere içinde partladyjy bolmakda güman edilýän bukjalar ýollanypdy. Bukjalaryň hiç biri ýarylmady.

Derňewler boýunça Federal Agentligi munuň bilen ilteşikli bolmakda şübhelenýänleri ele salmak boýunça çärelere başlady.

Trampyň tankytçylary ony çykyşlary bilen ýurtda gazaplylygy möwjetmekde aýyplaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG