Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan ABŞ-dan harby serişdeleri satyn almak mümkinçiliklerini maslahat etmäge taýýar


Ermenistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikol Paşiniýan.
Ermenistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikol Paşiniýan.

Ermenistan, bu ugurda bähbitli teklip edilse, ABŞ-dan harby serişdeleri satyn almak mümkinçiliklerini maslahat etmäge taýýar diýip, Günorta Kawkaz döwletiniň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi aýtdy.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton 25-nji oktýabrda Ermenistana eden saparynyň çäklerinde ermeni hökümetiniň başlygynyň ýerine ýetirijisi Nikol Paşiniýan bilen ABŞ-nyň harby serişdelerini satyn almak meselesiniň hem maslahat edilendigini aýdypdy.

Şol gün ýörite Azatlyk Radiosy üçin beren interwýusynda Jon Bolton amerikan harby serişdelerini satyn almagyň Ermenistan üçin gowy “mümkinçilik” boljakdygyny aýdypdy.

“Eger-de rus ýa-da amerikan harby serişdelerini satyn almaly diýen sorag orta atylsa, meniň pikirimçe, soňky saýlansa dogry bolardy. Galyberse-de, biz öz serişdelerimiziň ruslaryňkydan üstündigine ynanýarys. Biz bu meselä seretmek isleýäris. Şeýle-de, Ermenistanyň ýeke-täk satyjydan garaşsyz bolmagy, onuň saýlap-seçmek mümkinçiliklerini ardyrardy” diýip, ABŞ-ly resmi belläpdi.

Şenbe güni Paşiniýandan Ermenistanyň ABŞ-dan harby serişdeleri satyn alyp-almaýandygy soralanda, ol: “Ermeni hökümetini hiç zat çäklendirmeýär. Eger-de, ABŞ biziň üçin gowy teklip etse, biz muny maslahat ederis” diýip, belledi.

XS
SM
MD
LG