Türkmenistanda jemi 117 müň 774,9 gektar möçberde oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasy döredildi.
Bu barada 26-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer prezidente hasabat berdi.
Resmi metbugata görä, gürrüňi edilýän ýer gaznasyndan döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin hususy ekerançylara ýer bölekleri paýlanyp berlipdir.
Türkmenistanda gowaça we bugdaý esasy döwlet tabşyrygyna girýän ekinler bolup, soňky ýyllarda welaýatlara degişlilikde şugundyr, ýeralmasy we şuňa meňzeş beýleki käbir oba hojalyk ekinleri döwlet tabşyrygyna girizilip başlandy.
TDH-nyň maglumatlaryna görä, prezident Berdimuhamedow oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini 12-nji oktýabrda tassyklady.
25-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde eden çykyşynda döwlet baştutany ýurduň obasenagat toplumynda bar bolan kemçilikleri boýun aldy.
Ol maslahatda eden çykyşynda toplumyň işini ösdürmek maksady bilen diýip, birnäçe çözgüt hödürledi.
Olaryň hatarynda “düşewüntsiz” daýhan birleşikleriň ýerlerini ellerinden alyp, olary has girdejili işlejekdigi aýdylýan önüm öndürijilere 99 ýyl möhlete bermek boýunça, şeýle-de bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak barada teklip edildi.
Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy oktýabryň ortasynda beren maglumatynda bu täze çözgüde laýyklykda, köpsanly kärendeçiniň ýerleriniň ellerinden alynjakdygyny çaklady.
“Halk Maslahatynda prezidentiň hödürlän çözgütlerine laýyklykda, köp sanly kärendeçiniň ýerleri ellerinden alnar” diýip, habarçy aýtdy.
“Kärendeçileriň köpüsi uly höwes bilen ýerlerinden dynmaga isleg bildirer, sebäbi olar indi soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýerlerden girdeji alyp bilmeýär” diýip, Azatlygyň habarçysy daýhanlara salgylandy.
Galyberse-de, Halk Maslahatynda eden çykyşynda prezident paýlanyp berlen ekin ýerleriniň azyndan 70 göterimine döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri, galan 30 göterimine islege görä ekerançylyk önümlerini ekmek boýunça teklip hödürledi.
Maslahatyň yz ýany 12-nji oktýabrda gol çeken kararynda prezident Berdimuhamedow ýer bölekleriniň azyndan 70 göterimine şertnamalaýyn esasda gowaça, bugdaý we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki ekinleri, galan göterimine “ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini” ekmegi tabşyrdy.
Resmiler täze özgertmeleriň netijeli boljakdygyny aýdýarlar, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan kärendeçi daýhanlar we käbir ýerli synçylar bu çäreleriň netijeliligine häzirden şübheli garaýarlar.
Halk Maslahatynyň yzýany Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçy obasenagat toplumynda geçirilýän bu täze özgertmeleriň “eli ýuka” oba ilatyny has-da garyp düşürip, barlykly hojalyklary has-da baýatjakdygyny aýtdy.
Prezidentiň 12-nji oktýabrda gol çeken kararynda “gök-bakja, ýeralma ekinlerini, üzümi we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça oba hojalyk maksatly ýer gaznasynyň möçberi” hem tassyklanypdy.