Birleşen Ştatlaryň Eýranyň nebit pudagyna täsir etjek sanksiýalarynyň 5-nji noýabrda güýje girmegine sanlyja gün galanda, Tähranyň iň esasy iki müşderisi – Hindistan we Hytaý – tutuş dünýäde öwezini doljak ätiýajyň ýokdugyny aýdyp, öz söwdalaryny nol derejä düşürmek barada Waşingtonyň edýän çagyryşlaryna garşylyk görkezýärler diýlip, media habarlarynda aýdylýar.
Waşington 2015-nji ýylda dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen Eýranyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyndan çykandan soňra Tährana garşy sanksiýalaryny gaýtadan güýje girizýär.
Eger sanksiýalardan ýüz öwürse, hytaý kompaniýalarynyň ABŞ-nyň bazarynda biznes etmek mümkinçiliginiň çäklendiriljekdigi barada Waşingtonyň haýbat atandygyna garamazdan, Tähranyň iň uly müşderisi Hytaý ýadro ylalaşygyny berjaý etmegi we Eýranyň nebitini import etmegi dowam etdirjekdigini mälim etdi.
Eýranyň Aziýadaky beýleki iki uly müşderisi – Ýaponiýa we Günorta Koreýa – Eýrandan nebiti satyn almagy bes eden mahaly, Hytaýa we Hindistana nebitiň satuwynyň dowam etmek perspektiwasy Tähranyň özüne bolan ynamyny pugtalandyrana çalym edýär.
28-nji oktýabrda Eýranyň wise-prezidenti Eşak Jahangir ýurduň nebit eksportynyň günde 1 million barrelden aşaklajagyna garaşmaýandygyny aýtdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?