Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Millionlarça adam Karbaladäki şaýylaryň mukaddes zyýaratgählerine barýar


Şaýy musulmanlary

Şaýy musulmanlarynyň her ýyl belleýän “Arbain” ýa-da “Ziara” atly mukaddes baýramy mynasybetli şu hepde tutuş dünýäden millionlarça adam Yragyň Karbala şäherinde ýerleşýän şaýylaryň mukaddes zyýaratgählerine barýar.

Bu zyýaratgähler şaýy musulmanlarynyň iki sany hormatlanýan ymamynyň hatyrasyna dikeldilendir. Olaryň biri Muhammet pygamberiň agtygy Hüsseýin, beýlekisi Muhammet pygamberiň öweý dogany Abbasdyr.

Bu çäre mynasybetli her ýyl 10-20 million adam Karbala şäherine barýar.

Şaýy zyýaratçylary Yrakdan, Eýrandan we beýleki ýerlerden Karbala şäherine tarap pyýada ýöräp barýarlar we ýolda çadyrlary dikip, dynç alýarlar. Käbir şaýy zyýaratçylary Azerbaýjandan, Gürjüstandan we Pakistandan barýarlar, ýöne olar bu territoriýany pyýada geçmeýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG