Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady krizis döwründe biržada ýarym million ýewrolyk “Mini Cooper” kysymly ulag bellige alyndy


Türkmenistanyň prezidenti sport ulagynyň öňünde žurnalistleriň soraglaryna jogap berýär. Arhiwden alnan surat.
Türkmenistanyň prezidenti sport ulagynyň öňünde žurnalistleriň soraglaryna jogap berýär. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistan ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän wagty, ýurduň Döwlet haryt-çig mal biržasynda iýun aýynda import edilen ýarym milliondan gowrak ýewrolyk “Mini Cooper” awtomobiliniň ralli görnüşi hasaba alyndy. “Amul Hazar-2018” awtorallisiniň öňýany Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň edil şuňa meňzeş ulagy sürýän pursatlary döwlet telewideniýesinde görkezilipdi.

Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 29-njy oktýabrda Döwlet biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Biržada 2018-nji ýylyň 7-nji iýun güni Germaniýadan import edilen 520 müň ýewrolyk “Mini Cooper” awtomobiliniň ralli görnüşi bellige alyndy.

Türkmen Döwlet biržasynda çap edilen maglumatyň nusgasynyň suraty
Türkmen Döwlet biržasynda çap edilen maglumatyň nusgasynyň suraty

Ulagyň satyn alnan senesi ýurtda “Amul Hazar-2018” awtorallisine döwlet derejesinde taýýarlyk görülýän wagtlara gabat gelýär.

2018-nji ýylyň 11-nji iýulynda prezident Berdimuhamedowyň “Mini Cooper” awtomobiliniň ralli görnüşini sürýän pursatlary döwlet telewideniýesinde görkezildi.

Bu türgenleşik sürüşi awtomobiliň döwlet biržasynda bellige alynmagyndan bir aý soň amala aşyryldy.

“Türkmenistanyň hronikasy” ulag bilen bagly ýene-de bir aýratyn ähmiýetli senä ünsi çekýär.

“Gyzykly ýeri, döwlet mediasynyň maglumatyna görä, 19-njy iýunda, “Mini Cooper” satyn alnandan iki hepde soň, prezident ogly Serdar bilen bu maşyny “täzeden, öz çyzgysy esasynda, gaýtadan enjamlaşdyryp, ýokary tizlikli sport ulagyna öwürdi”. Ýagny bu “ýokary tizlikli sport maşyny” satyn alnandan soň täzeden gurnaldy” diýip, neşir ýazýar.

Berdimuhamedow awto-inžnerçilik ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:36 0:00

Döwlet baştutanynyň täzeden ýygnalan bu ulagda Garagum çölüne ýörişe çykýan wideo görnüşleri 19-njy awgustda döwlet telewideniýesinde görkezildi.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti tapgyr iki ýyl bäri ýiti kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň fonunda, resmi maglumatlardan mälim bolşuna görä, türkmen hökümeti döwlet serişdelerinden ýarym million ýewrolyk “Mini Cooper” kysymly sport ulagyny satyn alýar. Munuň satyn alynmagy prezidentiň "Mini Cooper" kysymly sport ulagynda jemgyýetçiligiň öňüne çykmagynyň edil öňýanyna gabat gelýär.

26-njy awgustda türkmen prezidenti ýene-de bir gezek Garagum çölünde “Toyota” kysymly başga bir sport ulagynda türgenleşik geçdi.

Berdimuhamedow krizis döwri, ýene-de ulagda ýaryşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00

2018-nji ýylyň 11-nji sentýabr güni “Amul Hazar – 2018” awtorallisine Lebap welaýatynda badalga berildi. Muňa bagyşlanyp geçirilen dabarada prezident Berdimuhamedow ýene-de bir gezek “Mini Cooper” sport ulagynda jemgyýetçiligiň öňüne çykdy. Ýöne bu ulagyň mundan ozal halka görkezilen ulagdygy ýa-da däldigi nämälimliginde galýar.

Galyberse-de, döwlet biržasynda iýun aýynda bellige alnan “Mini Cooperiň” prezidentiň täzeden ýygnap jemgyýetçilige çykan ulagydygy ýa-da däldigi nämälim bolsa-da, agzalan wakalaryň ählisiniň biržadaky amaldan soňky senelere gabat gelmegi sport ulagynyň töweregindäki ýagdaýlar boýunça belli bir pikir döredýär.

Biržanyň maglumatlarynda döwlet ykdysadyýetine bähbit getirmäge gönükdirilendigi aňylýan beýleki amallary görse bolýar, ýöne Germaniýadan 520 müň ýewro töleg tölenip, satyn alnan sport awtoulagynyň haýsy bähbit göz öňünde tutulyp alnandygy mälim däl.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda “Amul Hazar – 2018” halkara awtorallisi geçirildi.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçirildi.

Ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, bu çärelere sarp edilýän maliýe serişdeleriniň anyk möçberi halka aýan edilmeýär.

Galyberse-de, şu ýylyň 1-nji noýabr – 10-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça Halkara ýaryş geçirilýär.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan synçylara bu çäreleriň jemine milliardlarça dollaryň harçlanandygyna ynanýar.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň tagallalary bilen jemgyýetçilige ýetirilen “Mini Cooper” sport ulagynyň biržada görkezilýän tölegi boýunça döwlet emeldarlary resmi metbugatda çykyş etmeýär.

Türkmenistanda azyk nobatlarynda barha köp nägilelikler eşidilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:05 0:00

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary oktýabr aýynda ýurduň demirgazyk we gündogar regionlarynda ýerli ýaşaýjylaryň ýüzlerçe adamlyk un-çörek nobatynda ir ertirden giç öýläne çenli garaşmaly bolýandygyny, ýurduň dürli künjünde azyk önümleriniň ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG