Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda harby wertolýot heläkçilige uçrady


Pul-e-Çarkhi türmesinde ýüzlerçe tussag, şol sanda “Talyban” jeňçileri hem saklanylýar.
Pul-e-Çarkhi türmesinde ýüzlerçe tussag, şol sanda “Talyban” jeňçileri hem saklanylýar.

Owganystanyň Farah welaýatynda bir harby wertolýot heläkçilige uçrady.

Ýerli resmiler onuň bortundaky ähli 25 kişiniň heläk bolandygyny aýtdylar.

Maglumata görä, wertolýot daglyk Anar Dara etrabynda ir bilen howa galanynyň yzy bilen ýere gaçypdyr.

Resmiler heläkçilige ýaramaz howa şertleriniň sebäp bolandygyny aýtdylar. “Talyban” jeňçileri bolsa, ony özleriniň urup düşürendigini öňe sürdüler.

Bu aralykda, paýtagt Kabulda ýurduň iň uly türmesiniň daşynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde azyndan ýedi adam öldi.

Içeri işler ministrligi hüjümçiniň türmäniň işgärlerini daşaýan awtobusy nyşana alandygyny mälim etdi.

Pul-e-Çarkhi türmesinde ýüzlerçe tussag, şol sanda “Talyban” jeňçileri hem saklanylýar.

XS
SM
MD
LG